DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby Saud Arabystanyda tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi O.Çaryýew bilen Er-Riýad şäherinde ýerleşýän Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň başlygy, professor Dr. Ýahýa bin Mahmud Junaidiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri we bu merkeziň ylmy işgärleri hem gatnaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklara, hususan-da ylym, bilim we medeni ugurdaky gatnaşyklara ýokary baha berildi. Şeýle hem, bu gatnaşyklarda Türkmen tarapy bilen Er-Riýad şäherinde ýerleşýän Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň arasyndaky gözbaşyny uzaklardan alyp gaýdýan hyzmatdaşlygyň möhüm ornunyň bardygy bellenildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby tanyşdyryldy hem-de bu kitabyň Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesindäki döreden ilkinji eseridigi barada bellenmek bilen, munuň bu bolsa öz gezeginde döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlaryna berýän uly ünsiniň subutnamasydygy nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilendigi habar berildi hem-de şu ýylyň dowamynda Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanda birnäçe medeni we ylmy çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi mälim edildi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi barada maglumatlar paýlanyldy hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki edep-terbiýe, Watançylyk, agzybirlik, jebislik, halklaryň we ýurtlaryň dostlugy mowzuklaryndaky goşgulary barada pikir alyşmalar geçirildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri