DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-Hytaý daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa we Hytaý” formatynda ministrleriň derejesindäki ikinji mejlisine taýýarlyk görmekden ybarat.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi.

HHR-nyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuçen özüniň giriş sözünde gatnaşandyklary üçin kärdeşlerine minnetdarlyk bildirdi we bu formatda özara gatnaşyklara ýokary baha berdi.

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary çykyşlarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öz garaýyşlaryny hem-de tekliplerini beýan etdiler. Syýasy-diplomatik ugur, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereketleriň esasy ugurlaryna seredildi.

Taraplar öňde boljak “Merkezi Aziýa we Hytaý” formatdaky Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň mazmunyny ara alyp maslahatlaşdylar, geçiriljek mejlisiň deslapky gün tertibi boýunça öz tekliplerini beýan etdiler we bilelikdäki jemleýji resminamalaryň taslamalaryna seretdiler.

 

Gozgalmaýan emläk boýunça onlaýn hyzmatlar

 

 

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy