SPORT

Agyr atletikaçy Anamjan Rustamowa bürünç medal gazandy

Türkmen agyr atletikaçy Anamjan Rustamowa Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatynda 81 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.

Silkeläp götermekde A.Rüstamowa 105 kilogram agramy göterip, ýaryşy guraýan ýurduň wekili Rigina Adaşbaýewany (107 kg) we koreýaly Kim Suhýuny (110 kg) öňe geçirdi.

Aziýa çempionaty Daşkentde 3-nji fewralda başlandy we 10-njy fewrala çenli dowam eder.

Erkekler we zenanlar üçin 10 agram derejesinde medallar ugrunda göreşilýär.  Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berýän reýting utuklary ugrunda-da bäsleşilýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Gaýgysyz Töräýew 81 kilogram agram derejesinde çykyş edip, hormat münberine çykmagy başarypdy.

Pariž Olimpiadasynyň saýlama ýaryşynyň bir tapgyry bolup durýan bu Aziýa çempionatyna 34 döwletden 200 töweregi türgen gatnaşýar. Türkmenistanyň ýygyndysyna 14 türgenden wekilçilik edýär.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy