JEMGYÝET

Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ýubileýi bellener

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Meredowa Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Berlen hasabata görä, şekillendiriş sungatynyň meşhur ussadynyň ýubileýi mynasybetli onuň döredijiligine bagyşlanan sergini hem-de türkmen suratkeşleriniň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň, muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda “Pyragydan ruhlanan ussat” atly forumy guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ýubileýi mynasybetli geçiriljek çäreleri guramaçylyk geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy