Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda ilkinji bolup Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň işgärler topary Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi. HHM-niň işgärleri Mary-Türkmenabat tapgyryna baryp, bu ýerde alnyp barylýan ýol gurmak boýunça işler bilen tanyşdylar.
Häzirki döwürde döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, taryhy ähmiýete eýe bolan ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak boýunça işler türkmen telekeçileri tarapyndan alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzda telekeçilik başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýratyn subutnamasy bolup durýar.
Täze Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly beýleki ýurtlar bilen ulag aragatnaşygyny ösdürmäge hem-de ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň geçirijilik mümkinçiliklerini gowulandyrmaga amatly şertleri döreder. Ol logistika hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrar we hilini ýokarlandyrar, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden geçirilýän ýükleriň möçberlerini artdyrmak we ýük geçirilişini tizleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açar.
Şu ýerde 12-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk meýdançasyna baryp görendigini we bu ýerde halkara ähmiýetli ýoluň gurluşygynda işleýän ýol gurluşykçylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň iş şertleri bilen gyzyklanandygyny ýatladýarys.
