SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

16-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 16-nji  ýanwardaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün siz üçin hemmezat aňsat  bolmaz. Ýöne  diňe bir özüňiz üçin däl,ýakynlaryňyz  üçinem köp zatlary etmeli bolarsyňyz. Derrew çözgütleri talap edýän täze ýagdaýlar we meseleler garaşylmadyk ýagdaýda ýüze çykyp biler. Tutanýerlilik olara garşy durmaga kömek eder. Şeýle etseňiz  islenýän netijäňizi ýetersiňiz.Köne dostlaryňyz we pikirdeş adamlar bilen aragatnaşyk gurmaklyk oňy netije berer. Täze tanyşlar bilen düşünişmek has kyn bolar. Çynlakaý gapma-garşylyklardan we ýüzebe ýüzlikden daşda durjak bolyň.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu gün siz üçin gowy gün  bolar. Derrew çözülmegini talap edýän meseleler ýüze çykyp biler. Alada etmäň we hemme zady birbada etmäge synanyşmaň. Duýgurlyk size hökman dogry ýoly görkezer.Ýakynlaryňyz bilen ownuk düşünişmezlikler bolar. Şeýle-de bolsa, ýagdaýy gowşadyp, hemmeler bilen gowy gatnaşyk saklap bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymy öý işleri üçin amatly bolar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Günüň başynda isleýşiňiz ýaly  meýilnamalaryňyz  boýunça gitmezligi ähtimal. Garaşylmadyk kynçylyklar bolup biler, köp adamlar bilen düşünişmek adatdakysyndan birneme kyn bolar. Emma basym oňyn tendensiýalaryň täsiri güýçlener we ýagdaý gowy tarapa üýtgäp başlar. Günüň ikinji ýarymy täze bir  işe başlangyç etmek we möhüm kararlar bermek üçin amatly.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Günüň başlangyjy möhüm ýygnaklara, çynlakaý kararlar  üçin amatly gün bolar. Şeýle hem öň kyn görünýän işleriňize  düşünmek üçin özbaşdak hereket edip bilersiňiz. Ýada kimdir biriniň kömegi bilen öwrenip başlap bilersiňiz. Üns berersiňiz, ähli ownuk jikme-jiklikleri we peýdaly bolup biljek hemme zady çalt ýatda saklarsyňyz.Günüň ikinji ýarymyna dynç almak has amatly bolar. Adaty bolmadyk duşuşyklar hem mümkin.

 Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Soňky hepdedäki eden tutanýerliligiňiz, işiň soňky netijelerine oňyn täsir eder we üstünlik gazanmaga mümkinçilik berer. Maşgala problemalary ýene-de ýüze çykar we ep-esli çykdajylar talap ediler. Oňa ähmiýet bermeli däl. Bu gün ýakyn adamlaryňyzyň töwereginde ýa-da ýekelikde dynç almak has gowudyr.Günüň ikinji ýarymy ýakymly duşuşyklary wada berýär. Elmydama sizi goldaýan we sizi nädip razy etmelidigini bilýän adamlar bilen wagt geçirmäge mümkinçilik bolar.

 Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Günüň başlangyjy, öňden başlanan işleri tamamlamak üçin amatly bolar. Düşünjäňizi esasanam üns bilen diňlemeli: size nähili hereket etmelidigiňize kömek eder. Adaty bolmadyk duşuşyklar we tanyşlar mümkin  şonda siziň üçin möhüm bolan dostluk ýa-da romantik gatnaşyklar başlar.Günüň ikinji ýarymy täze bir zat almak üçin amatly. Hemme zady  isleýşiňiz ýaly gowy edip bilersiňiz, we garaşýan  netijäňize  hökman ýetersiňiz. Gazanan tejribäňiz bolsa birnäçe gezek köp ýerlerde size peýdaly bolar.

 Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu gün aýratyn aňsat we aladasyz bolmagy gaty ähtimal. Kynçylyklar ýüze çykyp biler, ýöne ýoluňyzda ýeňip bolmajak päsgelçilikler bolmaz; hemme zatda  pikirleriňize üns berseňiz garaşanyňdan  has köp netije alarsyňyz. Esasanam günüň başynda pul bilen seresap bolmaly. Geleşiklere we satyn almalara howlukmazlyk has gowudyr.Günüň ikinji ýarymy işewür aragatnaşyklarda, iş gatnaşyklaryny berkitmek we täze ýaranlary tapmak üçin amatly bolar. Ýakynlaryňyz bilen aragatnaşykda kynçylyk bolmaz. Islendik ýagdaýda olar size goldaw bererler.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Günüň başlangyjy uzak syýahatlar ýa-da möhüm gepleşikler üçin amatly bolup bilmez. Ozal çözmek isleýän  meseleleriňize  ünsi jemlemek has gowudyr, olaryň çözgüdi çynlakaý zähmeti talap eder. Soňky wagtda oňyn tendensiýalaryň täsiri artar we has çynlakaý bir zady etmäge taýýardygyňyzy duýarsyňyz.Günüň ikinji ýarymyda meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmek üçin köp wagtyňyz bolar.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Günüň başynda üstünlikleriňize çalt ýetersiňiz we özüňizi gowy duýarsyňyz. Size täze mümkinçilikler açjak şowly tötänlikler we garaşylmadyk teklipler bolmagy ähtimal.Günüň ikinji ýarymynda köp adamlar bilen  aragatnaşyk gurmak üçin  amatly bolar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Hiç ýere howlukmaň: bu gün meýilleşdirişiňizden has köp zat etmäge wagtyňyz bolar. Ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolar, öň edip bilmedik kyn işleriňizi üstünlikli ýerine ýetirersiňiz.Günüň ortasynda öňe süren pikirleriňiz beýlekileri geň galdyryp biler. Şeýle-de bolsa, bu dartgynly pursatlara sebäp bolmaz. Ýyldyzlar size agşam sowgatlary, nagt girdejileri we garaşylmadyk teklipleri wada berýär.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Güni ýönekeý zatlar bilen başlamaly, uzak wagtlap çözmedik ownuk meseleleriňizi çözmeli. Başgalar bilen gatnaşyklar elmydama aňsat bolmaz; ownuk düşünişmezlikler işde-de, öýde-de mümkindir. Şeýle-de bolsa, çynlakaý gapma-garşylyklar ýüze çykmaz.Agşam maşgala kynçylyklary bilen meşgullanýan Daluwlar üçin  hoş habar bolup biler.

 Hut (balyk21.02 – 20.03) 

Günüň başlangyjy iş duşuşyklary we iş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatlydyr. Şu wagt özüňizi nähili alyp barmalydygyňyza , özüňiziň näme edip biljekdigiňizi we ýakyn adamlaryňyzy  nämäni ynandyrjakdygyňyzy kesgitlemek kyn bolmaz. Gowy maslahatlar  täze  tanyşan adamlaryňyzdan geler.Günüň ikinji ýarymy has kyn bolar. Emosional has güýçlener, ownuk zatlara has ýiti reaksiýa berersiňiz.Ýakynlaryňyz size goldaw berer we zerur bolsa kömek etmekden ýüz öwürmezler.

 

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama