HEKAÝALAR

Enebeýigiň aňyrsynda Gün görünýär

                                                                             Hekaýa

Obamyz meni beýle bir şadyýan garşylamasa-da, ilkinji sataşan adamym diýseň begendirdi:

– Eý, bi senmäý, senmikäňem öýütdüm-le, seredýän-seredýän, ýöreýş-ä şoňa meňzeýär diýýän. Görsem – sen.

Bu meniň synpdaşym, has dogrusy ýeke bir synpdaşymam däl, partadaşymam. Ol begennikli ýaly ýyrşaryp, meniň göwnümi tapjak bolýan ýaly garşy-garşy ýüzüme seredýär. Hemem ýetişibildiginden obamyzyň täzeliklerini aýdyşdyrýar.

– Sen obamyzdan çykyp gideliň bäri plan jaýlar köpeldi. Indi her öýde telefonam bar. Awtobusam gatnaýar. Özem göni Teke bazara barýar. Bahasam beýle bir gymmadam däl, dört manat togsan teňňe. Gaýdaňda-da, ýene şo awtobus bilen gaýdybermeli. Köplenjem boşlaw, oturyp gaýtsaňam bolýar. Aý dost hezillik, oba diýer ýaly däl. Täzelik kän. Anna ýöwseliň ulusyndan kiçisi gullukdan gelende seržant bolup gelli. Gartaň agany öwüp iki ýola gazete çykardylar, özem suraty bilen.

Menem oň sada gürrüňlerine goşulasym gelýädi. Ýöne ýalňyzlykda içiňi hümledip gezilen ýyllar gülmeg-ä däl, kemterisinden ýylgyrmadanam mahrum edipdi. Oňa derek hezil edip synpdaşymy diňleýärdim. Dommarylyp durmanam birhili görüp, käte oňa hawa berýärdim.

– Bir ýerde gymyldaýaňmy?

Ol meň sowalyma perwaýsyz jogap gaýtardy.

– Ýok, Alla meni öz-özüme hyzmat etmek üçin ýaradypdyr. Towşanlar çöpe girip ugrandan aw edýän. Çertmek bilen guş tutýan. Aý garaz günümi görýän.

– Öýlendiňmi?

Ol tutuksy jogap berdi.

– Ýok.

Men “nämüçin” diýlen sowaly bermedim. Sebäp özümem öýlenmegiň bireýýäm wagty ýetenem bolsa, maşgalasyzdym. Ikimizem dymdyk. Ho-ol aňyrdan daraýy depeler, Enebeýik görünýärdi. Hemişeki bolşy ýaly, oň üstünde kinniwanja gyzlar maňa tanyş bolan ene bürgüt hakyndaky gamsyz aýdymy aýdýardy. Enebeýik bizden uzakda-da bolsa, olaryň aýdymyny garagol şemal böltäp gulagyma ýetirýärdi. Bu aýdymy men gör, näçe gezek diňledimkäm. Ýeke bir diňlemegem däl, özümem telim ýola aýdypdym. Meniň dodaklarym öz-özünden tapyşdy.

Enebeýgiň depesine,

Ene bürgüt uçup gelli.

Emaý bilen ganat ýaýyp,

Gör, nirelek rowan bolly…

 

Men partadaşyma seretdim. Oň şo oglanlykdaky bolşy. Tüňňi maňlaý, süýri kelle. Gözleri bolsa çaganyňky ýaly aýdyň. Şeýle gözlere ynanmak bolar. Ol ýene geňgalyjy nazaryny mennen aýyrman gürledi.

– Men bu gün uzakly günläp begenip gezerin, belki ertirem begenerin. Dostjan, entejik tanyş gözler, tanyş sesler eşidilewersin. Men-ä dogrymy aýtsam, ogul jigim bolan ýaly begendim.

Ol kürtdürdi.

– A sen oba dolanaýsaň näme… Näme diýseňem oba oba bolar. Bir-biregi görüp dursuň. Hemmesem tanyş gözler.

Menem şu dostumyňky ýaly ýeňiljek pikir edip ýaşasym gelýärdi. Ýöne bolanokdy. Hiç ýerde karar tapman ýören gursagym, uly dünýäniň içinde terslin-oňlyn ýalňyzlykda gez diýýärdi.

– Dost, özümiň ýalňyşýanymy bilsemem, adamyň sag aýagy ýoldan çyksa, çep aýagyňam çykjak eken…

Partadaşym agyr dymdy.

– Onda ýygyrakdan bir görün-dä… Şo gidişiň… Seni ýatlaýan ýok… Asla ýatlajak bolýanam ýok. Diňe Baltak janawar ýapyk gapyň agzynda entegem ýatyp-turup ýör. Onsoňam Gülsün eje namazynyň soňnda kän dogalaryň arasynda adyňy tutup “Diri gezip ýören bolýa-la” diýýär.

Men tisginenimi duýdurmajak bolup, perwaýsyz geplän bollum.

– Entegem bamaý janawar?

– Bar haýwan, ýöne gaty garrapdyr. Ikinji gary görmese gerek…

Men günäsini geçmeklik kyn bolan günäkär ýaly utançly gepledim.

– Inni hökman ýygy-ýygydan gelerin. Onsoňam bu ýerde görmeli adamlarymam bar ahyry. Üpük goja, Gülsün eje, Ogulla, Baltak, Garagüne, Ýerbendiň gamgyn ýelleri, onsoňam ynha sen…

Men esasy aýtmaly zady ýadymdan çykarypdyryn.

– Ak çägäniň ýüzündäki aýak yzlaňam bar-a… Ony hiç bir ýel, hat-da, Ýerbendiň gamgyn ýellerem pozup bilmez…

Bu agzalan zatlaryň bary, meniň oglanlygymdy – düýnümdi. Uly dünýä gelenligimiň şaýadydy. Ýöne adamyň hasratly ýatlamalardan ýüki ýetik bolsa-da, oň ýaşy aňryk gitdigiçe gowy zatlaryny ýatlasy gelýär. Obadaşymyň berýän sowalam megerem şonuň üçindir.

– Hany sen şäher barada, işiň hakynda gürrüň bersene. Işleýän ýeriňde gowy, has gowy ýazýan ýazyjylaram bamy?

– Bar dost, olaň ýazýan hekaýasyny okaňsoň, öz ýazýan hekaýaňy jirim-jirim edäýesiň gelýä. Has gowy ýazýanlaryň bolsa, öz ýazyş ýoly bar. Has dogrusy olar ýazmaýar, ýazýan hekaýasynyň suratyny çekýäler. Oň adyny aýryp gazete berseňem okyjylar ony tanarlar. Hat-da olaryň ýazan hekaýalaryna at goýuşlaram üýtgeşik. Şeýle ýazýanlara daşary ýurtlarda janly tebigaty özüne boýun egdiren ýazyjy diýip uly baha berýärler.

– Beýdiýmekleriniň sebäbi näme?

– Sebäp, dünýedäki köp ýollaryň içinde oňam öz ýolunyň barlygy.

– Şeýle hekaýany ýazmak üçin ýazyja näme gezek?

– Kalbyň arassa bolmaly. Hiç kime görüpçilik etmeli däl.

Obadaşym geň galyjy nazar bilen ýüzüme seretdi.

– Seň näme kalbyň arassa dälmi?

Men hakykaty aýtmalydym.

– Ýok..  Men görüp…

Synpdaşymyň gaşlary çytyldy.

– Näme sen, özüň ýazyp bilmäňsoň, baryp elini gysmagyň deregine gowy ýazýanlara görüpçilik edýäňmi?

Men sakyndym.

– Ýok, bi öňüräkki waka, eger sen menden gaty görmeseň barsyny bolşy-bolşy ýaly aýdaýyn.

Ol eýýäm gaty gören borly, sesini çykarmady. Her nämede bolsa hakykat aýdylmalydy.

– Ýadyňa düşýärmi, biziň oturan partamyzyň öňündäki partada bir gyz oturýady. Ol köp gürleşmeýän gara ýer ýaly gyzdy. Bir gezegem sen biziň döwrümizde ýoň bolan tegelejik aýnany aýaňda saklap otyrkaň ol senden “Kimiň suratyny görýäň?” diýip sorady. Şonda sen “Aljak gyzymyň” diýip jogap beripdiň. Şonda ol şo seň aljak gyzyň suratyny özüniňem göresiniň gelýändigini duýdurypdy. Sen ilk-ä bermediň. Soňam, hawa soňam partanyň aşagyndan uzatdyň.

Men gürrüňleriň nähili täsir edýändigini biljek bolup gözümiň gytagy bilen oňa seredýärdim. Gürrüň oňa ýaran borly, ol gözlerini süzüp çalaja ýylgyrýardy. Özem maňa tarap ýuwaşjadan öňe süýşýärdi. Men näderkä diýip garagolluk bilen dymdym.

Ikinni mazaly garalypdy. Sähralardan jana şypaly salkyn şemaly gelýärdi. Bar zady owarram edip çägäniň üstünde ýüzün düşüp ýatasyňy getirýärdi. Golaýjakdan äpet bir guş gije awuna tarap ýerleý uçup geçdi. Men ünsli oň yzyndan seretdim. Soňam partadaşymyň ýüzüne seretmän gürledim.

– Şeýle äpet guşam iýjek höregini kösenip tapmaly bolýar.

Biz ýene guşuň giden yzyna tarap seretdik. Ýöne synpdaşymyň pikiri guşda däldi.         Şoň üçin men ýene gürrüňi dowam etdirdim.

–  Senden gizlemäýin, menem şo gyzy gowy görýädim. Gyz aýnanyň ýüzüne seredip öz ýüzüni gördi. Özem çalaja ýylgyrýan ýaly. Ana dost, men şonda gyzyň özümi söýmän saňa göwneýändir öýdüp, görüplik etdim. Öz ýanymdanam inni seň bilen gaýdyp oturmazlygy şert etdim. Onsoň sen nähili edip gowy eser ýazjak. Men eýýäm saňa görüpçilik edipdim. Görsem ertesi gün başgaça, gyz känbir seň bilen däl. Şol günki begenişim ýaly soň hiç haçan begenen däldirin. Ana dost, meň bolmalysy ýaly hekaýa ýazyp bilmeýänime şo gyza bolan söýgüm sebäp bolly.

Partadaşym eli bilen garnyny tutup hahahaýlap gülli. Soňam ýene gülli. Soňam gülküniň arasynda şeýle sözleri aýtdy.

– Meň edebiýat ugrundan gitmedigim gowy zat. Ýogsa menem ilemeňzeş ýazyp bilmezdim. Sebäp menem saňa görüpçilik edipdim. Aý walla, söýgi herzat etdirjek. Men bolsa o gyz seni gowy görýändir öýdýärdim. Bir gezek seň taryh kitabyň arasyndan şeýle mazmunly hat çykdy. Hat diýseň sypaýy ýazylypdyr. Ol şu wagtam hakydamda. Ýalňyşmaýan bolsam ol şeýle başlanýardy öýüdýän.

“Adaty söýgi hatlary owadan sözler bilen başlanýar. Her kim oňarmaýan zadyny boýun alýa ýagşy. Men ony başaramok. Maňa seň özüň düşün…”.

Ol şeý diýip, süýjülik bilen gözlerini süzdi. Soňam gijäniň ümsümligini oýandyryp töweregi owazlandyrdy.

–  Şeýle sözleri diňe kalby arassa adam ýazyp biler.

Ol sözüni kesdi. Soňam ýene bat alan ýaly gürläp başlady.

– Dost jan, hiç bir zat ýüregiň kabul edişi ýaly bolmaýan eken. Şo gyzy senem gowy gördüň, menem. O bolsa başga birini saýlady. Şäherlimişin. Gumuň gyzy gumda-da galmalydy. Bu hakykata dogry gelenok, sähralara şeýle ajaýyp gyzy ýetişdirýär, soňam ol şäherli bolmaly.

Özüni şol owadan gyza – obamyzda “Gara ýer ýaly” diýilýän ýuwaştap gyza haladan oglan gözümiň öňüne gelli. Ol wagtlaýynça işlemäge gelen mugallymyň ogludy. Ol iň soňky synpda okaýarkak bize goşulypdy. Akkardeony şeýle bir saýradýardy weli, sygyryp oturmalydy. Bir gezek ol “Durdy bagşyny” çalanda kellesini sähel-mähel zada yramaýan Baltagam gozgalaň tapypdy.

Soň biz ýatmana hyýallandyk. Asmanda ýyldyzlar petreşýärdi. Hamana Enebeýigi ýagtyltmaga çekinýän ýaly Aý oňa tarap ýuwaşja süýşüp barýardy. Durmuşyň iň soňy demi – Baltagyň gaharly sesi eşidildi. Bu ses itiň sesem bolsa, meniň üçin mähribandy. Meň ukym tutanokdy. Synpdaşymam şeýle bolarly, bir eýlesine agdarylýardy, bir beýlesine. Ahyryam ol ýatyp bilmän şeý diýdi.

– Gijelerine hiç ýatyp bilemok. Gündüzine kölegede az-owlak ýatýanam bolsam, garaňky düşdügi gözüme çiş kakylan ýaly bolýar.

Menem şozeýillidim. Şonuň üçin oňa “menem şeýle ” diýdim.

Asmandan durnalaryň ýadaw sesi eşidildi. Biziň ikimizem buýruk berlen ýaly ýokarymyza seretdik. Soňam biri-birimiziň ýüzümize seredip ýylgyryşdyk. Adam birek-birek bilen uzak ýyllap ýoldaş bolsa, ol ýylgyrma arkalam düşünişip bilýän eken. Belki ol biziň oglanlyk ýyllarymyz Enebeýigiň üstünde durnalary garşy alyşymyzy ýatlandyr. Belkem, Gülsün ejäniň “Ilkinji geçýän durnalaryň sanyny biliň” diýýän sözüni ýadyna salandyr. Biz şonda biri-birimizden öňürti durnalaryň sanyny sanap, Gülsün ejä aýdardyk. Eger olaryň sany täk bolsa, Gülsün eje begenerdi. Sebäp durnalaryň sany täk bolsa, şol ýylyň ýazynyň oty bitginli bolýardy.

Daňa golaý synpdaşym  meň bilen hoşlaşmakçy boldy. Gidäýmänkä-de ol çaga ýaly boýnuny burup şeý diýdi.

– Dost, o ýerde-de düzüwli zat ýazyp bilmeýän bolsaň, biderek edebiýata ýük bolup ýörmän bärik geläýsene, häzir obamyza ýük düşüriji bolup işlejek adamam gerek.

Men sesimi çykarmamsoň ol ýene gürläp başlady.

– Näme, şulha-da düşürip bilmerin öýdýämiň…

Ol şeý diýip sähralaryň tukat durmuşyny hemem özi hakdaky süýji ýatlamany maňa galdyryp han-ha indem gidip barýar.

Ýol Enebeýigiň egnine diräp ikä bölünýärdi. Biz oňa “ýol aýyrdy” diýýäris. Saga tarap gidýän ýol bilen biz oglankak odun ýygmaga giderdik. Çep tarapky ýol bolsa, Enebeýigiň daşyndan bir öwrüm edip, göni şähere tarap gidýär. Menem bir wagtlar ýaşlyk edip şol gumaksy ýöremesi kyn bolan ýol bilen obamdan çykyp  gidipdim. Şolam ykbalyň hiç haçan bitmejek ýarasy bolup gally. Ýöne gowy ýeri gumaksam bolsa obamdan çykarýan ýoluň bolşy ýaly, obama alyp gelýänem ýoluň barlygy…

Entek säher gijäniň elinden sypmadygam bolsa, Günüň symgylt şöhlesi Enebeýigiň egnini ýapypdy. Han-ha indem ol çalaja gyzaryp göründi…

                                                                                    Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri