MEDENIÝET

Türkmenistanda geljek ýylyň ýanwar aýynda köp sanly çäreler geçiriler

22-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa geljek ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Täze, 2024-nji ýyl beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dürli forumlary, duşuşyklary, sergileri, konsertleri we aýdym-sazly dabaralary guramak göz öňünde tutulýar, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň netijelerini jemlemek meýilleşdirilýär.

Hasabatyň dowamynda Täze ýylyň ilkinji gününde göz öňünde tutulan dabaralar barada aýratyn durlup geçildi. Hususan-da, Söwda-senagat edarasynyň binasynda çagalar üçin baýramçylyk çäreleri guralar, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň, welaýatlaryň hem-de Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançalaryndaky Baş arçanyň ýanynda köpsanly dabaralar geçiriler.

Geljek aýyň esasy çäreleriniň hatarynda Şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary we maslahat, “Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan – Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat, Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýünde Türkmen milli lybaslarynyň görkeziliş dabarasy, zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat we sergi bar.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy