MEDENIÝET

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny taýýarlaýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şanly senäni dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny sanly we neşir görnüşinde taýýarlamak, Magtymguly Pyragy portalyny döretmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, halkara derejede geçirilýän çäreleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly köp çäreleriň geçiriljekdigini nygtap, akyldar şahyrymyzyň şanly toýy mynasybetli poçta markalaryny goýbermek we olaryň şekil taslamasyny düzmek üçin döredijilik bäsleşigini ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri