BIZNES

Türkmenistan pomidoryň uly tapgyryny eksport etdi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy Russiýa, Gazagystana we Gyrgyzystana pomidor hasylynyň 439 tonnasyny eksport etdi.

Kärhananyň işgärleri ösdürip ýetişdirmegiň durnukly görnüşleriniň has uýgunlaşdyrylan we ýygjam tehnologiýalarynyň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrmaga ähmiýet berip, şu ýylyň 10 aýynda 730 tonna pomidor ýygnady.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Hasylçy şäherçesinde ýerleşen gök önüm ýetişdirilýän ýyladyşhanasynda pomidoryň «Altes» diýen täze görnüşi ekildi. Ol açyk gyzyl reňkli bolup, togalak görnüşli we dykyz düzümlidir. Oňa öndürijiler we sarp edijiler ýokary baha berýärler. «Altyn gala gurluşyk» kärhanasynyň ýyladyşhana toplumynda ýygnalan pomidorlar tekjelere düşmezden öňürti, ýörite barlaghanalarda barlanylýar. Düýpli barlaglar geçirilenden soňra, ter gök önümler ýurdumyzyň bazarlaryna iberilýär hem-de ýakyn daşary ýurtlara eksport edilýär.

Related posts

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Özbegistan we Gazagystan täze demir ýol bilen birikdiriler

Türkmeniň aýna önümlerine uly gyzyklanma