BILIM

Çagalaryň 4 müňüsi Täze ýyl sowgady alar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Täze ýyl baýramyny hem-de 2024-nji ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini geçirmek boýunça taýýarlanylan meýilnamalar barada hasabat berdi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Täze ýyl baýramçylyk dabaralary çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde guramaçylykly geçirilýär. Körpelere we ýetginjeklere niýetlenen sahna oýunlarydyr kinofilmleriň görkezilişi, ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýerlerine, muzeýlere gezelençler göz öňünde tutulýar.

Ýetip gelýän 2024-nji ýylyň birinji gününde, asylly däbe eýerip, Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar. 1 — 10-njy ýanwar aralygynda bu ýerde çagalaryň jemi 4 müňüsine sowgatlar berler.

Related posts

Türkmenistanly mugallymlar iňlis dili boýunça ählumumy onlaýn-okuwlara çagyrylýar

Türkmen ýaşlary üçin Malaýziýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri