JEMGYÝET

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň howpsuzlygy boýunça pudagara topary döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa hwopsuzlygy boýunça pudagara toparyny döretmek, bu toparyň düzümi, şeýle hem topar hakyndaky düzgünnamanyň tassyklanmagyna degişli resminama gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Howa kodeksi, “Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň kanunyna, şeýle hem Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň standartlaryna hem-de tejribesine laýyklykda, uçuşlaryň ýokary derejesindäki howpsuzlygyny, durnuklylygyny we netijeliligini üpjün etmäge, şeýle hem bu ulgamda hukuk namalary işläp düzmek babatda utgaşykly işleriň geçirilendigini habar berdi.

Related posts

Türkmenistanda gowaça ekişi başlandy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri