JEMGYÝET

Türkmenistan-GDA: söwda dolanyşygy 2,6 milliard dollar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow gatnaşdy.

Wise-premýer Geldimyradow GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistan bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 2 milliard 600 milliona deň bolup, Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň 16,5 göterime deň bolandygyny belledi.

Onuň bellemegine görä, 2022-nji ýylda bu görkeziji 3 milliard 200 milliona deň bolupdy. Häzirki wagtda GDA agza döwletleriň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard dollar töweregi bolan 478 maýa goýum taslamalary hasaba alyndy.

Wise-premýer Türkmenistan bilen GDA agza döwletleriň köpüsi bilen söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändigini belläp, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini we ýük we ýolagçy gatnawlarynyň yzygiderli ýokarlandyrmagyň ähmiýetlidigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow medeni-ynsanperwer ugrundaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, GDA agza döwletleriň wekillerini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy