DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen ÝB arasynda adam hukuklary barada gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň müdiri Ý.Nuryýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýanyň Brýussel şäherine sapary boldy.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Adalatçy, Daşary işler, Içeri işler we Adalat ministrlikleriniň wekilleri girdi. Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň we ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň işine gatnaşdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine şu aşakdakylar wekilçilik etdiler: Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa bölümi, Ýewropa Komissiýasynyň Halkara Hyzmatdaşlyk Baş Müdirliginiň we
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň wekiliýeti.

Gepleşik dowamynda taraplar hukuk ulgamyny berkitmek we adam hukuklary babatynda jogapkärçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen
2021-2025-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda Adam Hukuklary boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Adalatçynyň institutynyň 2023-nji ýyl boýunça işi doly gözden geçirildi.

Türkmen tarapy ýewropaly hyzmatdaşlaryna ýurdumyzyň hereketleriň we din azatlygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalary, şeýle hem täze jemgyýetçilik guramalarynyň bellige alynmagy barada we Türkmenistanda adam hukuklary ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler barada täzelenen anyk maglumatlary berdi.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy