SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat bilen Tokionyň arasynda howa gatnawlary ýola goýlar

2023-nji ýylyň 13-16-njy dekabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýet Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň agzalary bilen bilelikdäki duşuşygy, Ýaponiýanyň hökümet edaralary, guramalary we maliýe institutlary, şeýle hem ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen wekiliýeti ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we energiýa pudagynda, şol sanda uglerodyň bitaraplygyny gazanmak ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Saparyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Awiasiýa häkimýetleriniň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi we onuň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi.

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler