BIZNES

Türkmen wekiliýeti Ýerewandaky halkara ulag maslahatyna gatnaşdy

Ýerewanda deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirilýär.

Bu duşuşyk Ermenistanda BMG bilen bilelikde geçirilýän iň iri çäreleriň biridir. Oňa 30-dan gowrak daşary ýurt wekiliýetleri, şol sanda Botswananyň we Nepalyň daşary işler ministrleri, Zimbabweniň, Eswatininiň we Lesotonyň ulag ministrleri, Malawiniň syýahatçylyk ministri, Gruziýanyň we Paragwaýyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň ulag düzümleriniň wekilleri gatnaşarýarlar.

Bu çäre 2024-nji ýylda Ruandanyň Kigaly şäherinde geçjek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň öňüsyrasyndaky resmi duşuşygydyr.

2022-nji ýylyň awgust aýynda deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki ulag boýunça maslahaty Hazar deňzindäki “Awaza” mili syýahatçylyk zolagynda geçipdi. Şonda BMG-niň howandarlygynda geçirilen bu çäre 40-a golaý ýurtlaryň we ulag, durnukly ösüş hem-de maliýeleşdirmek babatda iş alyp barýan 30-dan gowrak halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Ýene-de okaň

“Oracle”-yň esaslandyryjylarynyň biri ilkinji gezek dünýäniň iň baý adamy boldy

Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

Germaniýada Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri geçiriler

Şarjada Türkmen–Emirlikler işewürler forumy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Gazagystan Russiýanyň gazyny satyn almagy artdyrar

Tokaýew: Gazagystanda ýakyn wagtda nebit önümçiligi ýyllyk 100 mln tonna ýetiler