MEDENIÝET

Maryda türkmen-eýran amaly-haşam sergisi geçirilýär

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly – haşam sergisiniň eserleriniň bilelikdäki sergisi iki ýurduň hünärmenleriniň gatnaşmagynda we Eýranyň mozaika sungaty boýunça ussatlyk sapagy öz işine başlady.

14-nji dekabrda Marynyň taryh we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly – haşam sergisiniň eserleriniň bilelikdäki sergisi we mozaika sungaty boýunça ussatlyk sapagy Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, Türkmenistanyň şekillendiriş muzeýiniň müdiri Ysmaýyl Orazow, diplomatlaryň, Mary şäheriniň ýaşaýjylarynyň we iki ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda halk döredijilik toparlarynyň çykyşy bilen açyldy.

Türkmenistanyň şekillendiriş muzeýiniň müdiri Ysmaýyl Orazow Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda gün-günden ösýän dostlukly gatnaşyklar barada belläp, munda medeni hyzmatdaşlyga hem uly ornuň degişlidigini aýdyp geçdi.

Ali Mojtaba Ruzbahani Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi özüniň ilkinji saparynyň Mary şäherine bolan buýsanjyny beýan edip, şeýle diýdi: Bu dabaraly çäre taryhy we medeni şäherleriň biri bolan şeýle taryhda amaly haşam sungatynyň merkezi bolan şäherde geçirilip, bu şäher Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky umumylyklaryň bir bölegini hem düzýändir.

Ol sözüni dowam etdi: Amaly – haşam sungaty halklaryň medeni ilçileridir we bu pudak bilen iş salyşýan adamlaryň sungatynyň we döredijiliginiň ýüze çykmasydyr. Häzirki wagtda bu pudaga üns berilmegi diňe bir bizi ol sebitiň halkynyň geçmişi bilen baglanyşdyrman, eýsem mümkin boldugyça häzirki döwrüň halkynyň aýra düşen atmosferasyna bizi äkitmäge çalyşmagydyr.

Jenap Ruzbahani Eýran Yslam Respublikasynyň el işleri sungaty boýunça eýeleýän uly orny barada belläp sözüni dowam etdi: Eýranyň amaly – haşam sungaty özüniň gadymy geçmişi, inçe – nepisligi we dürliligi bilen Ýunesko guramasy tarapyndan tassyklanyp,  Eýran Yslam Respublikasynyň amaly- haşam sungatynyň bütin dünýädäki aýratyn ornuny görkezýändir. Bütindünýä el işleri geňeşiniň maglumatyna görä, 59 sany şäher  Bütindünýä el işleri sungaty şäheri diýilip hasaba alyndy we onuň 11 şäheri we 3 obasy EYR ýerleşýändir. Şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy el işleri taýdan ÝUNESKO guramasynda 1 orny eýeläp, bütin dünýäde el işleri eserlerini öndürýän 3-nji uly döwlet hasaplanýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli ýurtlaryň arasynda halkara derejede aragatnaşygy has-da berkitmekde sungatyň orny barada belläp, şeýle diýdi: Sungat bu milletleriň arabaglanşygyny has-da ýakynlaşdyrmakda görnükli nusgadyr.  Bu ugur serhetleri kesip geçen agajyň ýüzünde nagyşlanan eser, ajaýyp heýkel, elde ýasalan gap we bezeg şaý – sepi görnüşinde ýokary derejeli halkara festiwallarda we bütin dünýäde milletleriň biri-biri bilen ýakynlygyny, agzybirligini we dostlugyny aýan etdi.

Dabaraly çärede Eýranyň “Zendegiýe aýinie Mazändäran” toparynyň we türkmen sungat ussatlarynyň çykyşy, sergidäki amaly-haşam sungatynyň eserleri, mozaika sungaty boýunça ussatlyk sapagy we onuň inçe syrlary bilen ýakyndan tanyşmaklyk çärä gatnaşýanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Şuny belläp geçmek zerurdyr, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly – haşam sergisiniň eserleriniň bilelikdäki sergisi iki gün 15-nji dekabra çenli dowam edýär. Şeýle-de 14-15-nji dekabrda  Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň we Eýranyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti bolar.

 

 

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy