MEDENIÝET

Dünýä  meşhur  ýyldyzlar

Dünýä ýüzünde her döwletiň paýtagty hakynda aýdymlaryň döredilendigi köplere mälimdir. Ýurdumyzyň  göwher jygasy, Aşgabat hakynda döredilen ajaýyp aýdymlar akgynlylygy, duýga baýlygy  bilen  ünsüňi özüne çekär. Şeýle ajaýyp aýdymlaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň “Aşgabat” aýdymydyr.

Aziýanyň  merjeni  hasaplanýan  Aşgabat şäherimiziň waspyny  ýerine ýetirýän “Aşgabat” aýdymynyň täsin taryhy  bar. Bu joşgunly aýdym mundan  62 ýyl ozal, ýagny 1961-nji ýylda döredilipdir.

Ussat kompozitorymyz, halk arasynda sazyň Magtymgulysy hasaplanýan  kompozitor Nury Halmämmedow  türkmeniň  saýrak  bilbili  ussat  halypa  opera  aýdymçymyz Medeniýet Şahberdiýewanyň dünýäde seýrek duşýan  Liriki  Kloraturaly  Soprana sesine joşgunly “Aşgabat” diýen aýdymyny  döredipdir.

Ussat  şahyr  Geldi Bäşiýew şol döwürler türkmen radiosynda diktor bolup işleýär eken.  Baýry diktor  Galdi aga  radiokomitete  seýregrägem bolsa gelýän ussat kompozitorymyz  Nury Halmämmedow  bilen duşuşyp, aýdym-saz  hakynda  pikir alşar eken. Günleriň  bir güni  halypa  Nury Halmämmedow  türkmeniň saýrak  bilbili Medeniýet Şahberdiýewanyň  belent  sesine  ajaýyp  aýdymy  döredendigini  buýsanç bilen Geldi aga aýdýar-da, taýýar bolan sazy diňledýär. Bu ajaýyp saz Geldi aganyň kalbyny diýseň joşdurýar.  Aradan bir hepdä golaý wagt geçeninden soň, ussat şahyr  Geldi aga Nury halypa  jaň edip, onuň döreden sazyna “Aşgabat” diýen ajaýyp goşgy ýazandygyny höwes bilen aýdýar. Diňläp görmegini teklip edýär. Döredilen saz bilen goşgy jüpüne düşýär.  Dünýä belli ussat  halypamyz Medeniýet Şahberdiýewa aýdymyň goşgusy notasy tabşyrylýar.

Medeniýet Şahberdiýewanyň “Aşgabat” aýdymy owazly kalbyny joşa getirýär. Ol joşgundyr hyjuw  bilen  aýdymy  ussatlarça  ýerine  ýetirýär.  Soňra  bu aýdymy türkmen telewideniýasy arkaly ýazgy edilýär. Aýdym  ussat opera  aýdymçysyna uly at-abraý getirýär. Ol bu aýdymyň  üsti bilen  dünýä  halklaryny Watanymyzyň gözellikleri, elwan güle beslenip oturan paýtagtymyzyň ajaýyplyklary bilen tanyşdyrýar.

 Türkmeniň saýrak bilbili Medeniýet Şahberdiýewa dünýäniň  haýsy  künjeginde  bolsa-da, öz çykyşyny bu aýdym bilen başlar eken. Sungatyň  baky parlak ýyldyzy Medeniýet Şahberdiýewanyň  ýene-de bir ussatlygy,  haýsy ýurt-da bolsa-da, şol ýurduň dilinde “Aşgabat” aýdymyny ýerine ýetirer eken. Şol ýyllarda “Aşgabat”  aýdymynyň üsti bilen ýurdumyza 30 müňden gowrak daşary döwletli myhmanlar gelipdir.  Halypa aýdymçymyz  Medeniýet  Şahberdiýewanyň  ýerine ýetiren bu ajaýyp  aýdymy bütin döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şol bir wagtda bu aýdymy ussat halypa aýdymçymyz Atageldi Garýagdyýew hem ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.

        “Aşgabat” aýdymy Paýtagtymyzyň  gününe  hem  ajaýyp  taýsyz  sowgatdyr.  Bu aýdym ýaňlananda hemişe göwnümiz  ganatlanyp, ony döreden, aýdan we aýdýan ussatlara bolan hormatyň artýar.

   Nury Halmämmedowyň,

 Sungatda goýan ýoly,

Asmanda şugla saçýan,

Baky ýyldyzlar ýaly.

 Seýitmuhammet  SEÝITMUHAMMEDOW, 

Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçe kitaphanasynyň

II-nji derejeli  kihaphançysy, TMÝG-nyň işjeň agzasy.

 

 

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy