SPORT

UEFA “Altyn pökgi” baýragynyň hyzmatdaşy boldy

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (UEFA) “France Football” we “L’Equipe” neşirleriniň eýesi bolan “Groupe Amaury” kompaniýany bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişdi. Şertnamanyň maksady “Altyn pökgi” baýragynyň guramaçylygyny bilelikde alyp barmakdan ybarat. 

UEFA-nyň berýän maglumatyna görä, “Groupe Amaury” kompaniýasy bu baýragyň eýesi bolmagynda galýar. Ozalky garaşsyz ses bermek işi saklanyp galar. UEFA bolsa baýragyň gowşurylyş dabarasy gurnamaga, onuň ählumumy täjirçilik ugruny giňden wagyz etmäge ýardam eder. 

Şeýle hem UEFA-nyň ýardamy bilen ýene-de 2 sany baýrak dörediler. Ol hem erkek we zenan toparlaryň iň gowy tälimçisine baýrak berler.

“Altyn pökgi” baýragy “France Football” žurnalynyň ozalky baş redaktory Gabriel Ano tarapyndan döredildi. Ol ilkinji gezek 1956-njy ýylda Angliýanyň “Blekpul” toparynyň hüjümçisi Stenli Mettýuza gowşuryldy. Baýragyň ýeňijisi sport žurnalistleri tarapyndan kesgitlendi.

Ilki-ilkiler, bu baýraga diňe Ýewropanyň futbolçylary hödürlenýärdi. 1995-nji ýyldan soňra ony Ýewropanyň futbol toparlarynda çykyş edýän islendik milletiň futbolçylaryna gowşuryp başladylar.  2007-nji ýylda islendik futbolçy bu baýraga mynasyp bolmak hukugyna eýe boldy.

Bu baýraga iň köp Lionel Messi mynasyp boldy. Onuň baýraklarynyň sany 8-e deň boldy.

Ýene-de okaň

«Mançester Siti» topary Angliýanyň Kubogyny gazandy

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar