JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti üçin Türkiýede resmi kabul etmek dabarasy boldy

Türkiýe Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üçin resmi kabul etmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyna geldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni atly toparynyň ugratmagynda Prezident köşgüne geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi kabul etmek dabarasy boldy. Dabarada Türkmenistanyň Prezidenti hormat garawulynyň esgerlerine salam berdi.

Dabarada taryhda gurlan 16 türk döwletiniň baýdaklary we esgerleri hem bar. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri iki ýurduň döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdiler.

Soňra Prezidenti köşgüne girdiler we bir ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn hem-de hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde gepleşikler geçiriler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça birnäçe resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi