Nobel hepdeliginiň çäklerinde ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy. Bu abraýly baýraga zenanlaryň zähmet bazary babatda ylmy işleri alyp barýan gender deňligi boýunça amerikaly alym Klaudiýa Goldin mynasyp boldy.
Klaudiýa Goldin Garward uniwersitetinde ykdysadyýet taryhy hem-de zähmet ykdysadyýeti boýunça iş alyp barýar. Ol şol bir wagtda ABŞ-nyň Milli ykdysady seljermeler edarasynyň Ykdysadyýet boýunça iş toparynyň ýolbaşçylaryndan biridir. Ol mundan ozal zenanlaryň zähmet bazary babatdaky işleri bilen tanalýar.
Goldin takmynan 1 million dollarlyk baýragyň eýesi bolar.
Klaudiýa Goldin Alfred Nobeliň ykdysadyýet ugry boýunça baýragyna mynasyp bolan 3-nji zenan alymdyr. Mundan ozal, amerikaly syýasatçy we ykdysadyýetçi Elinor Ostrem (2009) hem-de fransiýaly ykdysadyýetçi, Massaçustets uniwersitetiniň professory Ester Dýuflo (2019) bu baýraga mynasyp bolan zenanlar alymlardyr.
Nobel baýragyna mynasyp bolanlara baýraklary 10-njy dekabrda Stokgolm şäherinde gowşurylar.
