Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde 2023-nji ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, raýatlarymyzyň hukuklaryny, bähbitlerini goramaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen degişli işler ýerine ýetirildi.
Şu geçen döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si we Mejlisiň kararlarynyň 40-sy kabul edildi.
Mejlisde degişli hünärmenleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda döredilen iş toparlarynda Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Şu ýylyň dokuz aýynda Mejlisde dünýä döwletleriniň parlament wekilleri, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly duşuşyklaryň 65-si geçirildi.
Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri degişli ministrlikler tarapyndan halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça guralan okuw maslahatlarynyň 74-sine gatnaşdylar.
Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 25-si guraldy.
