DÜNÝÄ

Hindistan adyny üýtgetmegi meýilleşdirýär

Hindistan Respublikasy özüniň taryhy adyna gaýdyp gelmegi meýilleşdirýär. “The Economic Times” gazetiniň berýän habaryna görä, Hindistanyň adyny Bharat bilen üýtgetmek göz öňünde tutulýar.

Ýurduň hökümeti 18-22-nji sentýabrda ýurduň parlamentinde geçiriljek ýörite mejlisde bu barada degişli kararnama girizmegi maksat edinýär.

Bharat – hindi dilinde Hindistanyň taryhy atlandyrylyşydyr. Ýurduň “Hindistan” diýlip, Ind derýasynyň ýurduň demirgazyk böleginde akýandygy sebäpli demirgazyk-günbatarly ýewropalylar tarapyndan atlandyrylandygy bellenilýär.
9-10-njy sentýabrda Hindistan dünýäniň öňdebaryjy 20 ýurdunuň ýolbaşçysyny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Täze-Deli şäherinde Hindistanyň başlyklyk etmeginde “Uly 20-ligiň” baştutanlarynyň sammiti geçiriler.

Related posts

Beýik Britaniýa bilen telefon arkaly gepleşik: Owganystan meselesi

Ahalteke atlary, alabaý itleri, keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

Türkmen diplomaty Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen duşuşdy