JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi hem-de Siziň maksatnamalaýyn beýik işleriňizden döredijilikli zähmet çekmäge we ýokary üstünlikleri gazanmaga ruhlanýan eziz watandaşlarymyzy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.

Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da artdyrmak, halkymyzyň parahat durmuşyny we röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan daşary syýasat strategiýaňyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýär. Siziň iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşyňyzda taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem ähli tagallalaryň ediljekdigi barada bellemegiňiz ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynda öňe sürülýän başlangyçlaryň bu ýöriteleşdirilen düzümiň maksatdyr wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyna güwä geçýär.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasyna goşulmagy, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyny tassyklamagy döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, umumadamzat ösüşlerine goşant goşmakda maksada okgunly işleriň çuňlaşýandygyna şaýatlyk edýän möhüm wakadyr.

Türkmenistanyň birnäçe gezek bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Ähtnama gol çekilmegi medeni we tebigy mirasy goramak boýunça amala aşyrylýan işler üçin ýurdumyza berlen ýokary bahadyr. Şu hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky ýyllarda bilelikdäki taslamalaryň ençemesi, şol sanda täsin taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak baradaky taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Türkmenistan Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşulmak bilen, dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek üçin gorap saklamak babatda giň gerimli işleri alyp barýar. Nusaýyň, gadymy Merwiň, Köneürgenjiň ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä medeni mirasyň sanawyna, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Nowruz baýramynyň», «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, keşdeçilik sungatynyň bolsa Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Belent Mertebeli Prezidentimiz!

Siziň maksatnamalaýyn özgertmeleriňizden badalga alan täze taryhy döwrümiziň 2024-nji ýylyny «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» halkara sanawyna girizilmegi, şeýle hem beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna goşmak barada teklibiň goldanylmagy Hormatly Prezidentimiz, Siziň baştutanlygyňyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýanyň üstünliklere beslenýändiginin aýdyň beýanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklary giňeltmegi umumy medeni giňişligi döretmegiň, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň bitewi ulgamynyň möhüm bölegidir. Ol ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, eziz Watanymyzyň halkara giňişliginde şan-şöhratyny has-da ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi we Sizin üstüňiz bilen eziz watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.

Siziň janyňyzyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyzyň hemişe rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Hormatly Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Pakistana çagyryldy