BIZNES

Türkmenistan Birleşen Arap Emirliklerine ýertudana eksport eder

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Batyr Rawşanow tarapyndan ýyladyşhana şertlerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki birnäçe gektar ýer böleginde ýertudana ösdürilip ýetişdirilýär. Işewür bu önümi daşary döwletlere eksport etmäge başlady.

Dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen ýyladyşhana hojalygynda häzirki wagtda ýertudananyň dünýäde meşhur bolan “Albion” görnüşi ösdürilýär. Telekeçiniň bellemegine görä, süýnmek görnüşli bu ýertudanalar öwüşginli gyzyl reňkde, eti açyk gülgüne we şireli bolup, süýjümtik ysy bilen islendik adamy özüne çekýär. Amerikaly seçgiçiler tarapyndan alnan gyzgyna çydamly bu önümler talabalaýyk saklanan-da, 10 güne çenli bir durkuny saklamaga ukyplydyr.

Şu günlerde bu ýerden gündelik 1-1,5 tonna çenli ýertudana hasyly ýygnalýar. Şoňa görä-de, ýakynda telekeçi tarapyndan “Albion” ýertudanalarynyň eksporty ýola goýlup, bu önüm Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine ilkinji gezek, Özbegistana bolsa onuň ikinji tapgyry ugradyldy. Şeýle bitginli hasyly daşary ýurtlara öz hilini ýitirmezden daşamak üçin telekeçi Batyr Rawşanow tarapyndan netijeli çözgüdiň işlenip düzülendigini bellemek gerek. Çünki bu ýeri ýöriteleşdirilen ýük awtoulaglary bilen üpjün edilip, olara uzak ýol üçin niýetlenen sowadyjylar ornaşdyrylypdyr.

Bu ýyladyşhana hojalygynyň hünärmenleri geljekde ýertudananyň ak görnüşini ösdürip ýetişdirmegi hem meýilleşdirýärler. Mundan başga-da, bu ýerde ýertudananyň dürli süýjülik tagamyna eýe bolan görnüşleri ylmy taýdan öwrenilip, olaryň hem geçginli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek we eksportyny ýola goýmak maksat edinilýär. Telekeçiniň bellemegine görä, häzirki wagtda tapgyrlaýyn esasda daşary döwletlere ugradylýan ýertudananyň eksportyny dowam etdirmek üçin degişli işler geçirilýär. Şoňa görä-de, bu geçginli we islegli önümiň hasylynyň indiki tapgyrlary Gazagystan, Özbegistan Respublikalaryna, şeýle-de Birleşen Arap Emirliklerine ugradylar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar