Soňky döwürde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň käbirinde türkmen tebigy gazyny günbatar ugry boýunça ibermek taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçilikleri barada teswirnamalar peýda bolup başlady. Bu ýerde gürrüň Hazar deňziniň düýbi boýunça türkmen “mawy ýangyjyny” Ýewropa bazaryna ibermek maksady bilen gaz geçirijiniň gurluşygy (TransHazar gaz geçirijisi) barada barýar.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpoçülikleýn habar beriş serişdeleri üçin degişli maglumatnama ýaýratdy.
Şol maglumatnamada şeýle diýilýär:
– Häzirki şertlerde uly göwrümli taslama gyzyklanmanyň şeýle “duýdansyz” ýüze çykmagy düşnükli. Emma, şol bir wagtyň özünde, obýektiw we anyk maglumatly düşündiriş talap edýär.
Türkmenistan tarapyndan başlanan TransHazar gaz geçirijisini gurmak pikiri ilki bilen diňe bir ykdysady we täjirçilik taýdan peýdaly taslama hökmünde däl-de, eýsem önüm öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr ýurtlaryň bähbitlerine we peýdalaryna deň derejede garamak esasynda global energiýa howpsuzlygy we durnuklylygy üçin esasy şert hökmünde energiýa serişdelerini diwersifikasiýa etmegiň möhüm bölegi hökmünde garaldy.
Bu meseläniň ara alyp maslahatlaşmagyň başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň noýabrynda Brýussel şäherine amala aşyran resmi saparynyň barşynda Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy, Ýewropa komissarlary we ÝB-niň dürli düzümleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşikleri bu meseläniň ara alyp maslahatlaşmagyň başlangyjy boldy.
Şol ýylyň noýabrynda we 2008-nji ýylyň maýynda Türkmenistana ÝB-niň energetika hyzmatdaşlygy boýunça resmi wekilleri geldiler we şol saparyň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyklar gazanyldy. Şol duşuşyklaryň netijeleriniň biri hökmünde 2008-nji ýylyň maýynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.
2011-nji ýylyň başynda şol döwürdäki Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Žoze Manuel Barozanyň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynda türkmen energiýa göterijileriniň Ýewropa iberilmegini üpjün etmegiň mehanizmini işläp düzmek babatda taraplaryň taýýardygy tassyklandy.
Şol bir wagtda BMG-niň çäklerinde Tükrmenistan tarapyndan energetika hwospzulygy meseleleri babatda gyzyklanma bildirýänler üçin giň gerimli dialog başlangyjy öňe sürüldi, şonuň netijesinde 2008-nji ýylda Baş Assambleýa tarapyndan “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi we onuň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekdäki orny” atly ilkinji kararnama kabul edildi. 71 döwlet onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. 2013-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy türkmen tarapynyň taslamasy boýunça ýene-de bir şoňa meňzeş kararnamany biragyzdan kabul etdi.
Şeýle berk halkara hukuk binýadyna bil baglap, Türkmenistan zerur syýasy, maliýe, guramaçylyk şertlerini döretmek üçin tagalla etdi, bu bolsa TransHazar gaz geçirijini gurmak pikirini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. Bu maksat bilen, degişli energitika edaralarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda üç taraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleri döredildi.
ÝB tarapyndan öz gezeginde Hazaryň energiýa baýlyklaryny günbatar tarapa çykarmak boýunça ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Ýewropanyň energiýa kompaniýalarynyň, banklarynyň we beýleki maliýe guramalarynyň birleşmesi hökmünde Hazar Ösüş Korporasiýasynyň döredilmegi görnüşinde-de möhüm işler edildi. Ýewropa Bileleşiginiň geljegi uly taslamalaryň sanawyna TransHazar gaz geçirijisini goşmagy kanuny ýagdaýdyr.
Umuman aýdanyňda, TransHazar gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk syýasy we funksional halkara goldawyny alyp, yzygiderli we iş ýüzünde alnyp barylýar.
2018-nji ýylda kenarýaka döwletleriň bäşisi tarapyndan Hazaryň syýasatynyň esasy ýörelgelerini düzgünleşdirýän esasy resminamanyň – Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmegi taslamanyň halkara-hukuk esaslylygyna şübhe döretmeýär.
Hususan-da, şol resminamanyň 14-nji maddasynda şeýle diýilýär:
1. Taraplar Hazar deňziniň düýbünden kabeller we turbageçirijiler geçirip bilerler.
3. Suwasty kabeller we turbageçirijileriň geçýän böleginiň Tarapy bilen ylalaşyp, suwasty kabelleri we turba geçirijileriň ugry kesgitlener.
Şeýlelik bilen, häzirki wagtda TransHazar gaz geçirijisiniň gurluşygy Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda düýbüniň kesgitlenmesi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Mundan başga-da, Türkmenistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna päsgel berýän syýasy, ykdysady we maliýe faktorlarynyň ýokdugyna ynanýar. Munuň tersine, TransHazar gaz geçirijisi ykdysady nukdaýnazardan esaslandyrylan, Ýewraziýada energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde ep-esli goşant goşup bilýän, ýewropaly sarp edijiler üçin çig mal çeşmelerine uzak möhletleýin we üznüksiz elýeterliligi üpjün etmek bilen bir hatarda üstaşyr geçýän taraplaryň aç-açan peýdalaryna we gyzyklanmalaryna esaslanýar.
Şundan ugur alyp, Türkmenistan energiýa akymlaryny diwersifikasiýa etmek strategiýasyna ygrarly bolup,TransHazar gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny mälim edýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.