JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde guramaçylyk meselesine hem seredildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary Annageldi Ýazmyradow saglyk ýagdaýy sebäpli Türkmenistanyň Prezidenti haýyş bilen ýüzlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu haýyşy kanagatlandyryp, Annageldi Ýazmyradowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk boýunça orunbasary boşatdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýew bellendi. Ol mundan ozal Balkan welaýatynyň häkimi wezipesini alyp barýardy.

Related posts

Türkmenistan pasaportu için online başvuru imkanı

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň iň uly metjidine baryp gördi

Söýgi däneleri

vepa

Leave a Comment