BIZNES

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Taksi hyzmaty»

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky Türkmenbaşydaky Awtoulag kärhanasy «Taksi hyzmaty» atly hyzmatynyň hereket edýändigini ýatladýar.

Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary şeýle hem, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanlary «Taksi hyzmaty» amatly taksi hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

Hyzmatdan peýdalanmak isleýänler (+993 63) 66-21-63 hem-de (+993 243) 4-79-35 telefon belgilerine jaň etmek arkaly taksi sargyt edip bilerler.

Syýahatyň bahasy günüň wagtyna baglylykda kesgitlenýär. Sagat 06:00-dan 22:00-a çenli 1 kilometre çykdajy 1 manat 20 teňňe, 22:00-dan 06:00-a çenli bolsa her kilometre 1 manat 40 teňňe aralykda kesgitlenendir.

«Taksi hyzmaty» müşderilere tejribeli sürüjileriň dolandyrýan «Toyota Corolla» kysymly häzirki zaman awtoulaglarynda rahat hem ygtybarly syýahat etmegini üpjün eder.

Amatly bahaly taksi hyzmaty Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanlary üçin amatly ulag serişdesidir.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy