SPORT

Türkmenistan «CAFA Futsal Cup-2023» halkara ýaryşynda çykyş eder

Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy «CAFA Futsal Cup-2023» halkara ýaryşyna gatnaşar. Merkezi Aziýa wekilçilik edýän milli ýygyndylaryň arasyndaky ilkinji halkara ýaryşy Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasy tarapyndan geçiriler.

Halkara ýaryşy 23-30-njy iýul aralygynda Duşenbe (Täjigistan) şäherinde geçiriler. Baş baýrak ugrunda biziň milli ýygyndy toparymyzdan başga Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Owganystanyň milli ýygyndylary bäsleşerler.

Bir aýlowdan ybarat boljak «CAFA Futsal Cup-2023» halkara ýaryşynyň çäginde duşuşyklaryň 15-si geçiriler. Ýeňiji gazanylan utuklaryň sany boýunça kesgitlener.

Ýygyndy toparymyz halkara ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 23-nji iýulda Eýranyň ýygyndysynyň garşysyna geçirer. 24-nji iýulda geçiriljek ikinji tapgyrda Täjigistanyň ýygyndy topary bilen duşuşjak türkmenistanly futzalçylar, 26-njy iýulda Özbegistanyň, 28-nji iýulda Gyrgyzystanyň hem-de 30-njy iýulda Owganystanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşar.

Bu halkara ýaryşyndaky çykyşy ýygyndy toparymyz üçin şu ýylyň 7-11-nji oktýabry aralygynda Taýlandda geçiriljek Aziýa Kubogy-2024-iň saýlama tapgyryna taýýarlygy bolar. Saýlama tapgyrynda “A” toparçada çykyş edýän milli ýygyndymyzyň garşydaşlarynyň Taýlandyň, Gonkongyň hem-de Hytaýyň milli ýygydylarydygyny ýatladýarys.

***

«CAFA Futsal Cup-2023»

1-nji tapgyr

23-nji iýul (ýekşenbe)

Özbegistan – Täjigistan

Gyrgyzystan – Owganystan

Eýran – TÜRKMENISTAN

***

2-nji tapgyr

24-nji iýul (duşenbe)

Täjigistan – TÜRKMENISTAN

Eýran – Gyrgyzystan

Özbegistan – Owganystan

 ***

3-nji tapgyr

26-njy iýul (çarşenbe)

Täjigistan – Gyrgyzystan

TÜRKMENISTAN – Özbegistan

Owganystan – Eýran

***

4-nji tapgyr

28-nji iýul (anna)

Owganystan –  Täjigistan

Gyrgyzystan – TÜRKMENISTAN

Eýran – Özbegistan

***

5-nji tapgyr

30-njy iýul (ýekşenbe)

Täjigistan – Eýran

TÜRKMENISTAN – Owganystan

Özbegistan – Gyrgyzystan

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy