DÜNÝÄ

Özbegistanda «Dünýa ýaň salýan Magtymguly» atly maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 8-10-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäraniň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynyň Buhara lukmançylyk institutynda «Dünýa ýaň salýan Magtymguly» dialog – maslahaty geçirildi.

Dabaraly çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýa.Mämmedow bilen bir hatarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleradioýaýlymynyň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet gatnaşdy.

Özbek tarapyndan dabara Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynyň häkimi B.Zaripow, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy G.Awezdurdyýewa, Respublika Türkmen medeniýet merkeziniň Buhara welaýatyndaky bölüminiň ýolbaşçysy O.Rahmatow, Buhara welaýatyň çäginde ýerleşýän ýokary okuw jaýlarynyň magtymgulyşynas professor mugallymlary we türkmen talyplary hem-de türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden Ilçi Ýa.Mämmedow häzirki wagtda Türkmenistanda, türkmen edebiýatynda çuňňur yz galdyryp, ony dünýä tanadan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek bilen baglanyşykly halkara derejede taýýarlyk görmek işleriň hem giň gerimde alnyp barylýandygyny habar berdi. Onyň çäklerinde bolsa Özbegistan Respublikasynda hem birnäçe çäreleriň ýagny, 2023-nji ýylyň 15-nji martynda Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabynyň «Uly howly» taryhy ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän «Türkmen-özbek Dostluk öýünde» «Magtymguly Pyragy – türkmen-özbek dostluk köprüsi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilendigini belledi. Magtymguly Pyragynyň bilim alan ýerleriniň biri hasaplanylýan gadymy Buhara şäherinde geçirilýän bu günki halkara ylmy-amaly maslahat şeýle dabaraly çäreleriň üstüni ýetirýändigini beýan etdi.

Soňra maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden Buhara welaýatynyň häkimi B.Zaripow köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy iki ýurdyň döwlet ýolbaşçylarynyň taýsyz tagallalary netijesinde hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi. Buhara welaýatynda geçirilýän bu halakara ylmy-amaly maslahat meşhur söz ussady Magtymguly Pyragynyň belent ynsanperwer taglymatlara ýugrulan döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny tassyklaýandygyny nygtady.

Maslahatyň dowamynda çykyş eden magtymgulyşynas alymlar we döredijilik işgärleri iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk we ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Şol bir wagtda, Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldarlaryň biri bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleriň we bu ugurdaky ylmy gözlegleriň netijeleri barada jikme-jik durup geçdiler. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň döreden şygyrlarynyň diňe bir türkmen edebiýatynda şöhlelendirilmän, eýsem dünýäniň köp halklarynyň dillerine terjime edilendigini, esasan hem özbek diline has köp terjime edilendigi bellenilip geçildi.

Dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Buhara şäheriniň çäginde ýerleşýän «Gadymy şäher» ýadygärlikler toplumyna we ol ýerde ýerleşen Magtymguly Pyragynyň bilim alan Gögeldaş medresesine hem-de beýleki taryhy ýadygärliklere aýlandylar we Magtymguly Pyragynyň ýaşan we bilim alan otaglary bilen tanyşdyryldy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri