SPORT

Messili “PSŽ” topary çempion boldy

Angliýada, Germaniýada, Ispaniýada we Italiýada futbol çempionatlarynda çempionlar belli boldy. Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan ýene-de biri bolan Fransiýada hem çempion belli boldy. Ol düzüminde dünýäniň çempiony Lionel Messiniň çykyş edýän “PSŽ” topary boldy.

Fransiýanyň çempionatynyň tamamlanmagyna bir tapgyr galandygyna garamazdan, “PSŽ” topary özüniň çempionlygyny yglan etdi. Şeýlelikde, bu topar Fransiýada 11-nji gezek çempion bolmagy başardy.

Liga-1-iň 37 tapgyrynda “Strasburg” topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan Messili “PSŽ” topary çempion bolup, Fransiýada iň köp çempion bolan topar boldy. Mundan ozal, “Sent-Etýen” topary 10 gezek, “Marsel” topary 9 gezek çempion bolupdy.

“Monako” bilen “Nant” toparlary 8 gezekden Fransiýanyň çempiony bolmaga hukuk gazanypdy.

Related posts

Klaudinio we Malkom Russiýanyň raýaty boldy

1 milliarddan gowrak bergisi bolan futbol topary

Ata Watan Eserleri

Poçettino ABŞ-nyň milli ýygyndysyna tälim berer

Leave a Comment