JEMGYÝET

«Arkadag» teleýaýlymyna täze ýolbaşçy bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna görä, “Arkadag” teleýaýlymyna täze ýolbaşçy bellendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Pälwan Kakabaýew Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellendi.

Mälim bolşy ýaly, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymy döredilip, 2023-nji ýylyň sentýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşikleri ýaýlyma berip başlamak bellenildi.

Related posts

Iň gadymy aýakyzlary tapyldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda türk tagamlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ukrainanyň teleýaýlymynyň habaryna nägilelik bildirdi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment