SIZDEN GELENLER

“Türkmenistan” gazeti duşuşyk geçirdi

1-nji aprelde Türkmenbaşynyň erkin  döredijilik mekanynda “Türkmenistan” gazetiniň ýanynda döredilen döredijilik birleşmesiniň gurnamagynda duşuşyk geçirildi. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň şeýle-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň žurnalistika hünäriniň talyplary gatnaşdylar.

Duşuşykda “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebow, Türkmenistanyň gahrymany, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy şahyr,  Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy şahyr, Orazguly Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan žurnalistleri Döwrangeldi Agalyýew, Amanbibi Mämmedowa dagy çykyş edip, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň many-mazmuna, baý döredijilige, täsirli wakalara beslenmeginde ýaşlaryň aýratyn orunlarynyň bardygyny, döwrüň ösýän her bir ädimine ses goşup, zähmet çekmegi, Watana ak ýürekden hyzmat etmekligi  sargadylar.

Talyplaryň özlerine beren sowallaryna jogap beren žurnalistler- geljekde ýurduň syýasatyny, medeniýetini, sungatyny metbugatda giň gerimde ýaýmaly ýaşlara degerli maslahatlaryny hem berdiler.

Bir söz bilen aýdylanda, bu duşuşyk döredijilik, žurnalistika hünärini hemra edinjek, ykbalyny şoňa baglajak ýaşlar üçin hünär mekdebiniň başlangyjy diýsek dogry bolar. Şeýle duşuşyklaryň ýygy-ýygydan gurnalmagy ýaşlar üçin edilen uly tagallalaryň biri bolar diýip gatnaşanlar bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda şeýle giň gerimli işler üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdyldy.

Bägül Kakalyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy