IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik:Inženerçilik ulgamlaryň gurluşyk-gurnama işleri

Daşoguz welaýat häkimligi «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň,şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çenli dö­wür üçin Milli mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da we­la­ýa­t bo­ýun­ça  döw­le­tiň mer­kez­leş­di­ri­len düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň
ha­sa­by­na ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän gur­lu­şyk­la­ryň sa­na­wy­na   go­şu­lan    we­la­ýa­tyň   şä­her­le­rin­de we et­rap­la­ryn­da uzyn­lygy  211,3  ki­lo­metr  elekt­rik, 1096,9 ki­lo­metr   suw   we 67   ki­lo­metr  la­gym ge­çi­ri­ji    ul­gam­la­ryň        gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri üçin pot­rat­çy­la­ry  saý­lap al­mak bo­ýun­ça   BÄS­LE­ŞIK  yg­lan ed­ýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan  ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige  gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 10-njy apreline, sagat 9:00-dan 18:30-a  çenli kabul edilýär.

Sal­gy­sy: Da­şo­guz şä­he­ri­niň S.Türk­men­ba­şy şa­ýo­lu­nyň 10/1-nji ja­ýy,  we­la­ýat hä­kim­li­gi.
Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­si: 9-03-02, faks bel­gi­si: 9-03-14.

 

Ýene-de okaň

Türkmenbaşy şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär