IŞ ORUNLARY & TENDERLER

“Petronas Çarigali”: işe çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar.

Uly hukukçy.

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: hukuk babatynda bakalawr derejesi bolmaly.

Iş tejribesi: degişli ugur boýunça azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: türkmen, iňlis, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» («MS Word», «MS Excel») programmasyny bilmeli.

Gyýanly obasynda işlemek üçin lukman.

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: ýokary bilimli, lukman.

Iş tejribesi: intensiw terapiýa bölüminde reanimatolog hökmünde 5 ýyldan 7 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: türkmen, iňlis, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: degişli ugur boýunça hünär taýýarlygy bolmaly hem-de «MS Office» programmasyny bilmeli.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Related posts

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Aşgabat şäher häkimligi bäsleşikleri yglan edýär

Ata Watan Eserleri

Центр ОБСЕ в Ашхбаде ищет переводчика

Ata Watan Eserleri