DÜNÝÄ

Saud Arabystany Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna goşulýar

Saud Arabystanynyň Ministrler Kabineti Patyşalygyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna dialog boýunça hyzmatdaşlyk derejesini bermek hakyndaky äthnamany tassyklady. Bu barada Saud Arabystanynyň metbugaty habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Saud Arabystanynyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi Patyşa Salam ben Abdel Aziz Al-Saudyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Şol mejlisde bu ugurda möhüm karar kabul edildi.

Häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna Hindistan, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Pakistan, Russiýa, Tajigistan we Özbegistan agzadyr. Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa guramanyň synçy agzalarydyr. Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Tükriýe we Şri-Lanka hyzmatdaş ýurtlardyr.

2022-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Samarkantda geçirilen sammitde Müsüre, Katara we Saud Arabystanyna gurama dialog boýunça hyzmatdaşlyk derejesini bermek boýunça ähtnamalara gol çekilipdi. Şeýle hem Bahreýn, Kuweýt, Maldiwler, Mýanma we BAE-niň dialog boýunça hyzmatdaş derejesini bermek ugrunda degişli işler ýola goýuldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýokary derejeli halkara suw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

«Galkynyş» topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri bilen duşuşdy

Galibaf Eýranyň parlamentiniň başlygy wezipesine täzeden saýlandy

Putin 27-29-njy maýda Gazagystanda döwlet saparynda bolar