IŞ ORUNLARY & TENDERLER

“Petronas”: täze iş orunlaryny hödürleýär

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (infrastruktura we programmalar boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: inženerçilik, maglumatlar tehnologiýasy, kompýuter ylymlary ýa-da matematika boýunça ýokary bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: iri nebitgaz kompaniýalarynda serwerleri, torly saklawhanalary, maglumatlar binýadyny we web programmalaryny dolandyrmakda iň azyndan 1 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» («MS Word», «MS Excel») programmasy bilen işlemegi başarmaly.

Gyýanly obasynda işlemek üçin tehnik (barlaghana üçin).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: islendik degişli hünärment mekdebiniň ýa-da tehniki orta okuw mekdebiniň diplomy bolmaly.

Iş tejribesi: 1 ýyldan 3 ýyla çenli barlaghanada işlän iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» («MS Word», «MS Excel») programmasy bilen işlemegi başarmaly.

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (zähmet gatnaşyklary boýunça).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: orta bilim ýa-da deň derejeli bilimi baradaky resminamasy bolmaly.

Iş tejribesi: degişli pudakda 3 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Office» («MS Word», «MS Excel») programma bilen işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysyna ugradylyp bilner.

Söhbetdeşlige diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler çagyrylar.

Ýene-de okaň

Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär