DÜNÝÄ

GDA-nyň synçylary saýlaw möwsümine syn etmäge girişdiler

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara synçylary hökmünde uzak möhletleýin gelýän wekilleri hem-de onuň edarasy öz işine başlady. Wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 26-njy martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Tuýçiýewiç Nematow bilen bolan duşuşygynyň barşynda öňde boljak parlament saýlawlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmana netijeli hem-de milli kanunçylyga laýyklykda geçýän saýlaw möwsüminiň barşy barada giňişleýin habar berildi, şeýle hem saýlawlara syn etmek üçin zerur şertler dörediler.

Öz nobatynda Ilhom Tuýçiýewiç GDA-nyň synçylar toparynyň iş ýörelgeleri hem-de işiniň guralyşy barada habar berdi. Toparyň işiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guraljakdygy hem-de saýlawlary guramak we geçirmek ulgamynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna esaslanjakdygy nygtaldy.

Şunda topar saýlawlaryň döwletiň içerki işidiginden ugur alýar, toparyň wezipesi bolsa saýlaw möwsüminiň milli kanunçylyga laýyk gelşine baha bermekden hem-de erkin we demokratik saýlawlaryň geçirilmegine ýardam etmekden ybaratdyr.

Toparyň düzümine 50 töweregi synçylaryň girmegi meýilleşdirilýär, şol sanda olaryň 10-sy uzakmöhletleýin esasda işlär. Bu barada toparyň edarasy tarapyndan ýaýradylan habarda bellenildi.

 

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy