25-nji fewralda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Mekan Jumabaýewiň režissýorluk etmegindäki “Hoşlaşasym gelenok” atly spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy. Düzümi ussat artistler bilen baýlaşdyrylan spektaklda baş keşpler bolan Mitýanyň we Katýanyň keşplerini teatryň ýaş artistleri Serdar Artykow (Mitýa) hem-de Aýnabat Öwezmämmedowa (Katýa) ýerine ýetirýär. Spektaklyň beýleki keşplerinde bolsa Türkmenistanyň at gazanan artistleri Orazgeldi Durdyýew (kazy), Jennet Paltaýewa (daýza), şeýle hem Begenç Garlyýew (Kozlow), Selbi Babylowa (Kozlowa), Kakamyrat Bazarow (Keralaşwili), Şemşat Hojyýewa (Larisa), Sadatjan Orunowa (Larisanyň ejesi), Baýramdurdy Rahymow (Nikulin), Bahar Hamraýewa (Nikulina), Ysmaýyl Jommukow (Mironow), Jeren Çaryýewa (Mironowa), Perhat Babaýew (Şumilow), Jahan Baýramdurdyýewa (Şumilowa), Eziz Geldiýew (suratçy), Ogulgöwher Muhammedowa (Irina), Hekim Hakimow (Walera) ýaly artistler bar. Biz hem görkezilişden soň spektaklyň režissýory we baş keşpleri ýerine ýetiren artistler bilen söhbetdeş bolduk.
Aýnabat ÖWEZMÄMMEDOWA – artist:
Biziň bu günki tomaşaçylara görkezen täze eserimiz rus dramaturgy Aleksandr Wolodiniň eseri. Ozalam biziň teatrymyzda A.Wolodiniň “Täsin söýgi” eseri Kakajan Aşyrowyň režissýorlyk etmeginde goýlupdy. Bu günki eseri bolsa biziň teatrymyza daşary ýurtda okap gelen täze režissýorymyz Mekan Jumabaýew sahnalaşdyrdy. Eseri Mekanyň özi türkmen diline terjime edipdir. Sahna eserindäki esasy üns berilýän tema – maşgala mukaddesligi. Spektakl agzybirlige, maşgalada biri-biriňe hormat goýmaga çagyrýar. Men öz ýerine ýetiren keşbim hakda aýtsam, eserde men hem gedem, hem ýumşak, hem türkmen zenanyna mahsus bolan maşgalasy üçin kökenek bolýan Katýanyň keşbini janlandyrýan. Emma ýoldaşym Mitýa juda gabanjaň. Ol hiç bir aýdylýan zada düşünesi gelenok, diňe görýän zadyna ynanyp ýör. Mitýa maňa aýtman aýrylyşmak üçin suda arza berýär. Emma sudda netijä gelinmän, bize biraz wagt berilýär. Ýöne aramyzdaky sowuklygy, buzy eretmek üçin men biraz yza gaýdýan. Gerek ýerinde öňe ädim ädýän. Garaz, men aýrylyşman maşgalamyň agzybirligini, jebisligini saklajak bolýan. Sudda bizden başga-da aýrylyşmak üçin ýüz tutan 7 sany maşgala bar. Olaryňam aýrylyşjak bolýanlarynyň esasy sebäbi gabanjaňlyk, düşünişmezlik. Umuman aýdanyňda, maşgala jebisliginiň hemişe gerek bolýandygyny spektaklymyzyň üsti bilen görkezmäge çalyşdyk.
Serdar ARTYKOW – artist:
“Hoşlaşasym gelenok” atly bu gün görkezen spektaklymyzda men baş keşp Mitýanyň keşbini ýerine ýetirdim. Men bu keşbi maňa ynanandygy üçin režissýorymyz Mekan Jumabaýewe uly minnetdarlyk bildirýän. Meniň keşbimdäki esasy göze ilýän häsiýet gabanjaňlyk. Bu keşbiň üsti bilen gaharly wagtyň hiç zat çözmezlik ündelýär. Spektaklyň bütin dowamy ajaýyp maslahatlardan doly diýip aýdyp bilerin. Galyberse-de, tomaşaçylary biziň bu spektaklymyza tomaşa etmäge çagyrýan. Biziň spektaklymyz her bir geljek watandaşymyzyň göwnüne ýarar diýip umyt edýän.
Mekan JUMABAÝEW – režissýor:
Men Moskwadaky Döwlet medeniýet institutynda bakalawrlyk okadym. Ondan soň Gazagystanyň Temirbek Žürgenow adyndaky milli sungat akademiýasynda magistratura okadym. Bu günki goýlan spektakly men mundan 5 ýyl ozal okapdym. Eserde sahnalaryň ýeňiljek çalyşýanlygy maňa diýseň ýarapdy. Men bu eseri okanymdan soň derrew türkmen diline terjime etdim. Eserde gozgalýan tema hemme wagt üns merkezinde boljak tema – maşgala mukaddesligi, söýgi, maşgalany saklamaklyk. Men geçen ýylyň awgust aýynda okuwymy tamamlap Watanyma dolanyp geldim. Gelibem ilkinji görkezen spektaklym şu boldy. Men spektaklda keşpleri janlandyran ähli artistlerimize köp sag bolsun aýdasym gelýär. Tomaşaçylarymyza hem bu spektaklymyza gelip, ondan ruhy lezzet almaklaryny maslahat berýäris.
Söhbetdeş bolan Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.
