Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, täze, ykdysady taýdan has amatly bolan ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmak, ýük daşalýan ugurlary giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag hyzmatlaryny ösdürmekde raýat awiasiýasynyň möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Döwrebap ulag geçelgelerini döretmek, howa menzillerini netijeli ulanmak raýat awiasiýasynyň öňünde durýan wajyp wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Mälim bolşy ýaly, golaýda beren habarlarymyza laýyklykda, “Türkmenistan” awiakompaniýasy mart aýyndan Pekin we London şäherlerine halkara howa gatnawlaryny ýola goýýar.
Şeýle hem Stambul ugry boýunça gatnawlary her gün amala aşyryp başlar.