Diýarymyzyň täze ösüşleri ýurdumyzda täzelikleriň hem-de ösüşleriň has dabaralanmagy bilen baglanyşyklydyr. 2023-nji ýyly ildeşlerimiz hem- de ähli dünýädäki dost – doganlyk halklarymyz täze hyjuw, dabara hem- de ýylgyryş hem-de uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Arkadagymyzyň ähli ildeşlerimize täze serpaýy bolan, öz döredijiliginden, köňül bagyndan gaýnap çykan “Dowam bolsun!” goşgusyny il- halkyna sowgat etmegi bolsa bu ajaýyp ýylymyzda , ýagny “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Şeýle-de, bu ajaýyp döredijilik eseri diňe bir halkymyza däl, şol sanda ýaşlaryň hem göwün guşuna ruhubelentlik çaýmak bilen gelejekde hyjuwly eserler döretmäge giň mümkinçilik açdy, ruhy çeşme boldy. Ýaş ýüreklerde ylham bolup gaýnaýan bu ajaýyp şygyryň bu ajaýyp ýylda has-da köp döredijilik eserleri döretmäge ýaşlara giň mümkinçilik açjakdygy häzirki günlerden buýsandyrýar.
Bu ajaýyp ýylymyzda şeýle ylhamly ýaşlaryň ýylyň ady bilen baglanyşykly ruhubelentliklerine giň mümkinçilik açmak biziň ata-baba ýörelgämizde bar. Halypa we şägirtlik gatnaşyklarynda uly orun tutýan bu ruhubelentlik türkmen halkynyň gadymy ýol ýörelgeleriniň biri. Munuň özi ýaşlara ýurdumyzyň, döwletimiziň watançylyk ruhunda terbiýelenýän ýaşlary bolmaklary üçin aladalardyr. Goşgynyň setirlerinde türkmen jemgyýetiniň döredijilik ruhy we şu günki ösüşler öz beýanyny tapýar. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” adyny almagy hem hut şu jähtler bilen baglanşyklydyr.
Biziň ýurdumyzda durmuş maksatly taslamalar hem giň gerim bilen ýaýbaňlanýar. Bu bolsa, ýaşlarymyzyň döwlet gurluşyk maksatly desgalarda hem uly orunlarynyň bardygyny görkezýär. Arkadagly Serdarymyz ýaş hünärmenleriň işleriniň ýurdumyzy ösdürmek babatynda ýola goýulmagyna uly üns berýändigine ýene bir gezek şaýatlyk edýär.
Ýaş ýürekleriň ylhamly joşguny bu gün ýurdumyzyň ýaşyl tugunyň gapdaldynda säher şemaly bilen birlikde pasyrdaýar.
Ýaşlar geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekjekdiklerini Gahryman Arkadagymyzyň ylham beriji goşgusyndan ruh alýandygyny eýýäm häzirki günlerden subut edýärler. Dürli ýaryşlara gatnaşmak bilen halkara abraýly şöhratlara eýe bolmaklary bolsa, biziň ýurdumyzda ýaş ýürekleriň aýdymynyň joşgunlydygyny ýene bir gezek subut edýär.
Aryf Gulmadow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň mugallymy.
