BILIM

3-nji açyk halkara matematika olimpiadasy ilkinji gezek Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanda halkara bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda birnäçe halkara bilim olimpiadalaryny gurnamak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 23-28-nji aprel aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 3-nji açyk halkara matematika olimpiadasyny halkara derejesinde talyplaryň arasynda ilkinji gezek Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 2023-nji ýylyň 12-ji aprelinde makroykdysadyýet, 16-njy maýda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara olimpiadalaryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan başga-da Russiýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki onlarça döwletiň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Geçen ýylda-da, ýurdumyzda birnäçe halkara bilim olimpiadalary geçirildi. Onda türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdiler.

Related posts

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 7-8-nji maýynda «Açyk gapylar» gününi geçirilýär

Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri

Şu ýyl Türkmenistanda 93 müňden gowrak okuwçy mekdep bilen hoşlaşýar

Leave a Comment