SIZDEN GELENLER

Konstitusion özgertmeler – ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ösüşi ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mazmun taýdan kämilleşdirmäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär.

Öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basmagy bilen, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de berkitmek, ylym-bilimi, medeniýeti dünýä derejesine ýetirmek üçin Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan oňyn tejribeleri netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredi.

Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan parasatly syýasaty esasynda demokratik jemgyýeti kemala getirmek, halkyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagynyň üpjün edilmegi döwrebap ösüşleriň möhüm şertleriniň birine öwrüldi.

Hormatly Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüldi. Garaşsyz döwletimiziň täze eýýamynda kanun çykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeleri kesgitlän bu maslahat ýurdumyzda täze özgertmeleri amala aşyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.

Halk Maslahatynyň täzeden döredilmegi agzybir halkymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan dünýä nusgalyk tejribelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik berer. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen sözleriniň durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Halkyň bähbidine hyzmat edýän ýokary wekilçilikli edaranyň döredilmegi ýurdumyzy ykdysady taýdan has kuwwatly döwlete öwürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ýurduň kanunçylyk binýady berk bolanda, oňa hemişe ösüşler ýaran bolýar. Türkmenistan Watanymyzda hem ähli pudaklarda alnyp barylýan işler kanuna laýyklykda amala aşyrylyp, şonuň netijesinde-de sazlaşykly ösüşlere ýetilýändigi döwrümiziň buýsandyryjy hakykatydyr.

Ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylýan ähli işler, ilkinji nobatda, adamlaryň bagtyýarlygyny we rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. «Döwlet adam üçindir!»,  «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeler halkymyzyň eşretli, abadan durmuşy baradaky aladanyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de senagat desgalarynyň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň gazananlarynyň we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Goý, bizi berkarar döwletde bagtyýar durmuşda ýaşadýan, asudalygyň, parahatçylygyň Watany bolan eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gülnur Hojaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi