SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Flydubai» awiakompaniýasy Aşgabada adaty uçar gatnawlaryny dikelder

Düýbi Dubaýda ýerleşýän “Flydubai” awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndan Türkmenistana adaty uçar gatnawlaryny dikelder. Dubaý-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýan uçarlar Aşgabadyň halkara howa menziline gonar diýip, “Flydubaý” kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasy “orient.tm” neşirine habar berdi.

Uçar gatnawlary hepdede iki gezek – duşenbe we penşenbe günlerinde amala aşyrylar. Awiabiletleriniň bahasy barada soraglar üçin ýolagçylar Aşgabatdaky awiakompaniýanyň wekilhanasyna ýüz tutup bilerler. Salgysy: Seýitnazar Seýdi köçesi, jaý 19/1. Goşmaça maglumatlary telefon arkaly alyp bilersiňiz:
92-01-66.

Awiakompaniýanyň ýolagçy uçary ýerli wagt bilen sagat 23:55-de Dubaýyň Halkara howa menzilinden uçup, indiki güne geçilen gijede sagat 03:25-de Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gonar.

Aşgabatdan yzyna — Dubaý şäherine uçuşlar sişenbe we anna günleri ýerine ýetiriler. Bu günlerde gije sagat 04:35-de Aşgabatdan uçjak ýolagçy uçarlary irden sagat 06:30-da Dubaýyň Halkara howa menziline gonar.

Dubaýdan Aşgabada uçar petekleriniň bahasy 388,89 amerikan dollaryndan, Aşgabatdan Dubaýa petegiň bahasy hem 280,40 dollardan başlanýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça iýul aýyndan hepdede 2 yzygiderli halkara uçuşy ýerine ýetirip başlady. Bu uçuşlar hepdäniň duşenbe we anna günleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugry boýunça hem 30-njy dekabrda we 2023-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda ýörite uçar gatnawlary ýerine ýetirýär.

Aşgabat şäheri “Flydubai” awiakompaniýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sanawynda uçar gatnawlaryny amala aşyrýan dokuzynjy ýeri bolar. Awiakompaniýa Almaty, Astana, Bişkek, Duşanbe, Namangan, Oş, Samarkand we Daşkent ýaly şäherlere uçýar.

Şeýle hem, 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, “Flydubai” gatnaw ugurlaryny dünýäniň 53 ýurdy boýunça 116 ugurda ýaýbaňlandyrar.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler