JEMGYÝET

2023-nji ýylyň şygary – “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, ýetip gelýän täze, 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen bilelikdäki mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu çözgüt her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerip,  ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýip atlandyrmak hakynda öňe sürlen hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu şygary goldap, onuň nyşanyny makullady we 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan etdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistan we Halkara Guramalary: Parahatçylygyň we Ösüşiň Hatyrasyna Hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyna gatnaşdy

vepa

Türkmen Lider, yarış arabasıyla çöl pistinde ustalığını konuşturdu

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlady

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment