BIZNES

Söwdalaşyklarda nah ýüplügi uly islege eýe boldy

Nah ýüplüginiň dürli görnüşleri Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen söwdalaşyklarda sişenbe güni, 27-nji dekabrda uly islege eýe boldy.

Daşary ýurt walýutasynda bu önümi Azerbaýjandan gelen telekeçi satyn aldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen jemi bahasy 1 million amerikan dollaryndan geçýän 396,7 müň kg nah ýüplügini eksport etmek barada geleşik baglaşyldy.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen türkmen manadynda geleşik baglaşdylar. Önümiň jemi 213,6 müň kilogramy 8,9 mln. manada eksport edildi.

Related posts

Hytaýyň kompaniýasy Türkmenistanda nebit önümçiliginde elin hyzmatlary berer

Türkmenistan Bakanlar ve Devlet Güvenlik Kurulu toplandı

vepa

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş saklanyp galýar

Leave a Comment