BIZNES

Türkmenistanyň tehniki ýody BAE eksport edildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda “A” görnüşli tehniki ýody eksport etmäge geleşik baglaşdy.

“Bereket” ýod zawody tarapyndan öndürilen önüm, Birleşen Arap Emirliklerinden bolan buýruja iberiler.

Harydyň bir tonnasynyň bahasy $32,8 müň diýlip bahalandyryldy. Umymy bahasy $1,3 mln bolan jemi 40 tonna önüm eksporta ýerleniler.

Tehniki ýod senagatda, hususan-da, sintetik kauçugyň, reňkli metallaryň, laklaryň, reňkleriň, lukmançylyk serişdeleriniň önümçiliginde we beýlekilerde giňden ulanylýar.

Related posts

Ýigit” hojalyk jemgyýeti “GLOBALG.A.P.” güwänamasyna eýe boldy

Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy

“Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşyldy

Ata Watan Eserleri