26-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýäniň dünýä meşhur ýyldyzlarynyň biri Irem Derijiniň konserti bolýar. Türkmenistanda hem söýlüp diňlenilýän aýdymçylaryň biri bolan Irem Deriji hakdaky käbir maglumatlary size ýetirýäris.
Hulusi Deriji bilen Žale Ediziň gyzy Irem Deriji 1987-nji ýylyň 21-nji martynda Stambulda dünýä inýär.
Ol dört ýaşyndaka organ saz guralyny çalmaga başlap, Mimar Sinan Şekillendiriş sungaty uniwersitetiniň döwlet konserwatoriýasynyň fortepiano bölümini liseý bilen bilelikde tamamlaýar. Soňra Stambul Bilgi uniwersitetiniň sosiologiýa bölüminden uçurym bolýar. Irem aspiranturasyny marketing aragatnaşyk bölüminde dowam etdirip, “O Ses Türkiye” aýdym-saz bäsleşigine goşulýar we ýarym finala çykýar.
Irem Deriji “O Ses Türkiye-den” öň üç ýyllap mahabat agentliginde göçüriji bolup işleýär. Şol döwürde “Monopop” atly topar bilen Türkiýäniň köp ýerinde sahna çykyp, dürli aýdymlary ýerine ýetirýär.
Irem 2012-nji ýylda aýdym-saz karýerasyna “Bensiz yapamazsın” aýdymy arkaly başlaýar. Soň 2013-nji ýylyň maý aýynda ikinji aýdymy “Düşler ülkesinin gelgit akıllısı” aýdymyny çykarýar. Şol ýylyň sentýabr aýynda “İki” atly maxi aýdymy çykarýar. Bu maxi aýdymyň birinji klibi “Sevgi olsun taştan olsun” aýdymy üçin, ikinji klip “Zorun ne sevgilim” üçin düşürildi. “Zorun ne sevgilim” resmi Türkiýe sanawynda üç hepde ikinji ýeri eýeledi.
Ondan soň Neşet Ertaşyň “Neredesin sen?” aýdymyny täzeden ýerine ýetirýär. Onuň 2014-nji ýylda çykaran “Kalbimin tek sahibine” aýdymy Türkiýede iň meşhur aýdym boldy. Şol ýylda ikinji maxi aýdymy “Üç-i” çykardy. Çykyş aýdymy “Bir miyiz?”-den başga-da, “Nabza göre şerbet” aýdymlary üçin wideo klip düşürildi. 2015-nji ýylyň mart aýynda “Değmezsin ağlamaya” we 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda “Aşk eşittir biz” aýdymlaryny çykardy. Şol wagtlarda “Aşk eşittir biz” Türkiýede iň köp diňlenilen aýdymlaryň sanawynda ikinji ýere çenli göterilýär. Şol ýylda Irem Deriji Emrah Karadumanyň “Tozduman” atly albomyndan “Nereden bilecekmiş” aýdymyny hem aýtdy.

Irem Deriji “Lace” atly ilkinji studiýa albomyny 2016-njy ýylyň fewral aýynda çykardy. Soňra üçünji klip “Dur yavaş” we dördünji klip “Bana hiçbir şey olmaz” döredildi. Irem 2016-njy ýylyň 11-nji iýuly-21-nji sentýabry aralygynda “Rising Star Turkey” ýaryşynyň ikinji möwsüminde emin agzasy boldy.
Irem Deriji 2017-nji ýylda Mustafa Jejeliniň “Zincirimi kırdı aşk” albomynyň “Kıymetlim” baş aýdymynda we Ýonja Ewjimigiň “Kendine gel” aýdymynda duet aýdymçysy hökmünde gatnaşdy. Şeýle hem, özüniň “Tektaş” atly aýdymyny diňleýjilere hödürledi. Şol ýylda “Bekar Bekir” filminiň “Sevimli” aýdymyny aýtdy. 2018-nji ýylyň awgust aýynda onuň “Sabıka kaydı” atly albomy çykdy. 2019-njy ýylyň fewral aýynda “Meftun” atly aýdymdan soň, “Mest Of” atly albom 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda çykdy.
Irem Derijiniň boýunyň uzynlygy 1,67 metr, agramy 53 kilogram.
Iremiň ejesiniň ady Žale Edizdir.
Irem Deriji öý hojalykçy bolan ejesi bilen gatnaşyklaryny bir interwýusynda şeýle beýan etdi:
“Meni terbiýelän aýalyň uly paýy bar. Ejem Žale Ediz. Men diňe bir ýigrenji çagadym. Munuň ýaly erbetlik bolup bilmez. Ejem 11 oglany terbiýeläp, meniň ýerime futbol topary döredýärdi. Yşyk liseýiniň taryhynda iň tanymal zenan okuwçydym. Liseý ýyllarynda ähli sypaýyçylyklarymy taşladym öýdýän… Şeýlelik bilen, etmeli ähli bezzatlyklarymy liseýde etdim we ony gutardym.”
Hulusi Deriji meşhur aýdymçy İrem Derijiniň kakasydyr.
1959-njy ýylyň fewral aýynda Sinopda dünýä inen Hulusi Deriji, 1980-nji ýylda Stambul Döwlet şekillendiriş sungaty akademiýasynyň amaly senagatlar fakultetiniň sungat grafikasy bölümini gutardy. Ol 1979-njy ýylda mahabat işine gadam basýar. Hulusi Deriji “Esin Ajans” (Grafik dizaýneri), “Günaydın” gazetinde (Sahypa dizaýneri), “İlancılık” (Sungat režissýory), “Radar reklam” (döredijilik direktory), “RPM-Radar / CDP EUROPE (Döredijilik direktory) we teswir” (döredijilik direktory) ýaly şereketlerde dürli wezipelerde işleýär.
Dünýäde uly meşhurlyga eýe aýdymçylaryň biri bolan Irem Deriji her aýdan sözi we “ädýän ädimleri” bilen waka. Jigisi Jemre Deriji Iremden tapawutlylykda kameralardan uzakda durýar.
İrem Deriji bilen jigisi Jemre Derijini görenler, olaryň meňzeşligine geň galýarlar.
Irem Derijiniň sosial mediýalarda şu günki güne çenli 7,6 million yzarlaýjysy bar.
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.
