Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bu ýyly uly üstünliklere besleýär. Her ýyl taryhyň täze sahypasyny alamatlandyrmak bilen, möhüm wezipeleri öňde goýýar, ildeşlerimizi belent maksatlara ruhlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda halkymyzyň teklipleri nazara alnyp, 2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrylyp, bu ýylda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanyldy, belent sepgitlere ýetildi. Şolaryň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna, hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygyna aýratyn sowgat boldy.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz depginli ösüşler we giň gerimli özgertmeler ýoly bilen öňe barýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda depginli ösüş gazanylýar, döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Tamamlanyp barýan 2022-nji ýyl türkmen ýaşlary üçin ýatdan çykmajak buýsançly ýyllaryň biri hökmünde ýatda galar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän bu ýylda ýaşlaryň ykbalyna täsir eden taryhy wakalaryň birnäçesine şaýat bolundy. Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy hem şeýle wakalaryň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň şol taryhy gurultaýda eden çykyşynda: «Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemegi watançylyk ruhumyzy belende göterdi. Şanly ýylda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem buýsandyryjy waka boldy.
Zehinli ýaş raýatlarymyzyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara olimpiadalarda we dürli intellektual bäsleşiklerde iň ýokary orunlara mynasyp bolmaklary döwletimizde ýaş nesliň döwrebap bilim we ylym almaklary ugrunda onlarça ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan toplumlaýyn işleriň netijesidir. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda üstünlikli geçirilýän halkara bäsleşikler hem ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyryp, olaryň tejribesini baýlaşdyrýar.
Döwlet tarapyndan ýaşlaryň dünýäniň abraýly we öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň buýurmalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlary boýunça daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek işi ýola goýuldy.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin oňyn mümkinçilikler döredilendir. Muňa jogap edip, türkemn ýaşlary bolup, biz hem Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmak ugrunda tagalla ederis.
Nuraly Melebaýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
