Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeler ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyna we terbiýelenmegine, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, tämiz ahlakly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary açylyp ulanmaga berildi.
Bularyň hemmesi bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň döwrebap ösüşler bilen üpjün edilýändigini aýdyň beýan edýär. Gazanylan we gazanylýan üstünlikleriň gözbaşy bu pudaklary dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze, öňdebaryjy daşary ýurt tilsimatlary bilen üpjün etmek we olary ýerlerde doly özleşdirmek bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlary giň dünýägaraýyşly kemala getirmek, ylym-bilimi ösdürmek babatdaky tagallalary dil öwrenmek ylmyna hem degişli bolup durýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmaga degişli wezipeleri çözmek üçin daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek işleri bellenilen tertipde alnyp barylýar.
Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öz ene diliň sözlük düzümi, leksikasy we ösüşi bilen deňeşdirip, ylmy taýdan öwrenmek möhüm meseleleriň biridir. Ösen ýurtlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmakda, sanly bilim ulgamyna geçmekde daşary ýurt dillerini bilmek zerur bolup durýar. Bu tehnologiýalaryň işleýiş funksiýalary we ýerine ýetirýän işleri esasan iňlis dilindedir. Hünär boýunça innowasion tehnologiýalary dogry ulanmak üçin iňlis diliniň ähmiýeti uludyr.
Dil medeniýeti umumadamzat medeniýetiniň hökmany hem-de aýrylmaz bir bölegi hasaplanýar. Daşary ýurt dilleri milletara, şahsyýetara we halkara aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär.
Arap, iňlis, rus, hytaý, fransuz we ispan dilleri bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleridir. Ady agzalan dilleriň altysy hem bu iri guramanyň işiniň dünýä derejesinde sazlaşykly alnyp barylmagynda möhüm orun eýeleýär.
Daşary ýurtlar bilen barha giňeldilýän we ösdürilýän ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklaryň netijesinde, Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraý-mertebesi gün-günden artýar. Bu bolsa ýurdumyzda dünýä dillerini öwrenmegi we olary ýaş nesle öwretmegi has-da kämilleşdirmegi, onuň döwrebap usulyýetleriniň özleşdirilmegini talap edýär. Çünki dünýä döwletleri bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda aragatnaşygyň serişdesi, ylym we usulyýet maglumatlaryny almagyň çeşmesi hökmünde daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti örän uludyr.
Sanly ulgam çalt depginde ösýän döwründe döwür bilen aýakdaş gitmek üçin hem tagallalar edilýär. Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) bilen bilelikde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň (MKT) üç dilli sözlügi bilen Türkmenistanda ilkinji ykjam goşundyny işe girizdi. Bu hem häzirki döwrüň sanly tehnologiýalary barada giňişleýin maglumat almaga hem-de daşary ýurt dillerini öwrenýän ýaşlara sanly ulgamda giňden ulanylýan adalgalar boýunça maglumat almaga gollanma bolup durýar.
Umuman, ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň okadylyşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini sazlaşykly üpjün edýän döwrebap ulgamlar döredilýär we netijeli hereket edýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawy döredilýär, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylýar, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hili ýokarlandyrylýar, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalary işlenip taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini dogry we doly özleşdirmäge bagyşlanan okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär.
Ýaran Akmämmedow,
Tükrmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
“Diller” kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.
